Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistandaky jaý reketi.

 Türkmenistandaky jaý reketi.

Gadyrly illeşler, şu gezek bize gowşan Türkmenistandaky gurluşyk sferasynda eden-etdilik barada habara siziň ünsüňizi çekýaris.

Salam, hormatly THF.

Size ullakan haýyş bilen yüzlenmek isleýan, yagny 2018-nji yylda Türkmenistanda Lebap Welaýatyñ tâze aýraportyñ ugryndan tâze gurulýan öýlerden iki otagly bir kwartira satyn almak üçin 18-nji Lebap Gurluşyk edarasy bilen kontrakt-şertnama baglaşdyk. Şol wagtlar dollarymyzy 10-15 manat aralygynda böldürip edara berdik. Elbetde elimizde hemme dokumetler bar. Kontraktda gol çeken gurlusyçyklar iñ gysga wagtda jaý gurulup, açarymyzy berjekdigini aýtdylar. Olar 2020 nji yylyñ noýabr aýynda gurulyp tabdyryljakdygyny aýtdylar, Biz oña çenli kontraktda aýdyşylan pulyň hemesini berdik.

Şondan bari biziñ jaýmyzy gurup berenoklar. Soñ 2021 ýylyň mart aýýnda berjek diýdiler, ýone zatlar gymmatlady şonuň uçin 120 müñ manat üstine pul bermeli diýdiler. Biz mart aýynda ýene 120 müñ manat berdik. Olar indi pul sorajak däl, boldy şunuñ bilen, açar berjek diýdiler. Emma bu ýakynda yene 120 müñ manat getiriñ diýip Türkmenistandaky hossarlarymyzy çagyryp, haybat atyp gorkuzyarlar. Eger puly getirmeseňiz biz kwartiraňyzy başga ukyplyrak adamlara bereris diýarlar.

Bu gün hem şotaydan öý alanlaryñ hemesini çagyryp gepleşipdirler näme etseñiz ediñ kime şikaýet etseñiz ediñ soñky 120 müñ manady hökman beriñ diyipdirler. Ýogsa arzañyzy yazyñ da ýok bolup, biz size puluñ yerine gurluşuk zatlaryny ýyllaryñ dowamynda bereris diýipdirler. Adamlar hem şu wagt gaty gyn ýagdayda galdy. Yenede soñky 120 müñ berenimizde şu oý bolýamy diýseler - oda belli däl diýipdirler.

Ýagny gepiň gysgasy - adamlary gorkuzup pul baryny alyp otyrlar. Bahanalary hem zatlar gumatlaýar myşyn. Men biziň gurluşyk zatlar bilen işimiz ýok -biz puly wagtynda berdik diýsem – jogap ýok. Sizlerden ullakan haýyş etýan: Muny herkim habar edip ähli ýere ýetirmek, sebäbi diñe men däl eýsem bu ýagdaýa düşen ýuzlerçe adam bar.

Garaz hiç zada ynam ýok. Men Türkiýede öý tamizliginde işleýan. Meni düşüniñ: men hem uly arzuw bilen höves bilen hattda okuw üçin gelen bir oglumy okatman, 1 yyl soñ okarsyñ diýip, ikimiz bile işläp hemme töleglerini töledik. Janymdan doýdym, Käwagt özümi ölduresim gelýa. Sizden şul bikanun zatlary gayrat edip gyssagly ýetirip beriñ diýp haýýyş edýaris. Menden başkada ýuzlerçe adam şeyle ýagdaýda. Köp adam yzyna taşlap gitdi. Indi yzyna pulymy hem alsam beren pulymyň ýarysy hem bolonok. Hemmýäñizden haýys edýan bu bikanun ýagdaýlar barada gurruň beriň, bular bizi adam hasap edenoklar .

Sagboluñ! Size işleriñizde üstinlik, saglyk arzuw etýan!!! – diýip Robet Koleji lakamly Türkmen ýazdy.

Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...