Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Dünýä saglygy goraýyş guramasyTürkmenistanda COVID-19 hassalygy barmy - diýen soraga jogap bermeýär.

Dünýä saglygy goraýyş guramasyTürkmenistanda  COVID-19 hassalygy barmy - diýen soraga jogap bermeýär.

AŞGABAT, 15-nji iýul - RIA Habarlar. DSG guramasynyň missiýasynyň başlygy Katarina Smolwud toparyň Türkmenistana on günlük saparyndan soň geçirilen söhbetdeşlikde koronawirus ýokançlygynyň ýüze çykarylandygy barada hiç hili habar bermedi diýip, RIA habarlar gullugynyň habarçysy çarşenbe güni habar berdi.

"Şu günki günde Türkmenistan ýurtda koronawirus ilata ýokuşanlygy barada hiç hili habar bermeýär. Şol sanda bu barada DSG guramasynada habar bermedi. DSG guramasy öz gezeginde ýokanç keseliň zyýanly täsirleriniň we onuň ilata ýaýramagynyň öňüni almak üçin Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş edaralary bilen birlikde işleşmegi dowam etdirmekçi " -diýip Smowud söhbetdeşlikde äýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, DSG guramasy tarapyndan ýörite ugradylan toparyň başlygy türkmen hökümetine “ ýokanç keseliň ýurda aralaşmagynyň we ilatyň arasynda ýaýramazlygy üçin dykgat ediň” - diýip maslahat berdi. Şeýle hem Smolwud ýurduň hökümeti tarapyndan ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin alnyp barylýan işler we epidemiologiki ýagdaýy gowulaşdyrmak üçin görülýän çäreleri makullady. Şu günler türkmen häkimiýetleriniň koronawirus keseliniň ýoklugy baradaky habarlaryna garamazdan, ýurtda ýüz örtügini ( maska) dakmak talaplary ýola goýuldy. Uly bazarlar we söwda merkezleri işini wagtlaýynça togtadýar we sanitariýa dermanlaýyş işlerini geçirýär.

11-nji martda dünýä saglygy goraýyş guramasy täze koronawirus ýagny COVID-19 hassalygynyň derejesini pandemiýa diýip yglan etdi. DSG-nyň soňky maglumatlaryna görä, dünýäde 12,9 milliondan gowrak adama korona wirus ýokaşandygy ýüze çykaryldy we şolardan 570 müňden gowrak adam öldi.

РИА Новости

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции