Şu ýylyň 10 - njy oktýabrynda ministrler kabinetiniň ýygnagynda statistika boýunça döwlet komitetiniň başlygy D. Annamuhammedow 17 - nji 27 - nji dekabr aralygynda ilat sanawynyň geçirilmegine taýýarlyk görülýändigi hakynda maglumat berdi.
ILat sanawynda döwlet raýatlaryny hem-de Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurtly raýatlaryň sanawyny anyklamak göz öňünde tutulýar. Sanawy ýörite ýetişdirilen hünärmenler geçirmek bilen, aýry - aýry dört sany kagyza bellige alnar.
Nobatdaky geçiriljek ilat sanawy Türkmenistan öz garaşsyzlygyny alandan bäri 3 gezek amala aşyrylýar. Ilkinji gezek 1995 - nji ýylda geçirilen ilat sanawynyň netijelerine esaslansak, Türkmenistanyň halky 4 million 481 müň adamdan ybarat. Ikinji gezek 2012 - nji ýylda geçirilsede, netijeleri hakda hiç hili maglumat berilmedi.
Netijede Türkmenistan resmileri ilat sany hakda takyk maglumat bermezligi, statistikanyň ýalňyş ýöredilmegine getirýär. Ep-esli wagtdan bäri halkara guramalary şu meselede Türkmenistany tankyt edip gelýär. Öz gezeginde Türkmenistan hökümeti özüne ynjalyk bermeýän tankytlardan dynmagyň ugruna çykan bolmana çemeli. Birleşen milletler guramasynyň ilaty öwreniş bölüminiň kömek etmegi, Türkmenistan üçin uly goldaw bolup durýar. Dünýä jemgyýetini aldap gelýän awtoritar hökümede goldaw bermek bilen, öz abraýyna zeper ýetirýän birleşen milletler guramasynyň ilaty öwreniş bölümi bu herekedi köpleri oýlandyrýar. " Bu gezek geçiriljek sanawyn netijeleri aldowsyz açyk - aýdyň görkezilermi? " - diýen soragyň jogaby bizi gyzyklandyrýar.
Bu barada ykdysadyýet meseleler boünça hünärmeni Annadurdy Hajiýewiň pikirine seredeliň.
- Sanawyň netijesi doly yglan edilen ýagdaýynda hem, ol maglumatyň hakykatdygyna şübhe döredýän faktorlar az däl. Garaşsyzlyk ýyllaryndan başlap şu wagta çenli berilýän ähli görnüşdäki hasabatlar ýalana ýugrulyp, anyk delili bolmadyk, hatda gözboýagçylyk ýagdaýlarda dowam edip geldi.
Entäk 1993 - nji ýylyň başlarynda ilatyň sanyny öwrenmek meselesinde ýokary türkmen häkimiýetleriniň arasynda çekeleşik ýüze çykypdy. Sebäbi azyk önümleriň we beýleki çykdaýjy serişdeleriň mukdaryny kesgitlemek gönüden-göni ilatyň sany bilen bagly bolup durýar.
Döwlet statistika komitetiniň başlygy Beki Annaýewiň Türkmenistanyň ýokary hökümetine hat ýazmagy çekeleşikli dawa getirdi. Dawada orbitr hökmünde wise premýer Waleriý Oçersow bilen şol döwürdäki prezident Saparmyrat Nyýazow özlerini tanatmak bilen, dawany öz islegine çözdüler. Bu meseläni habar beriş serişdeleriniň üsti bilen , mahabatlandyrma görnüşinde halk köpçüligine ýetirildi. Hatda daşary ýurt habarçylary hem gyrada galmady. Türkmen taryhçysy Şöhrat Kadyrow 1993 - nji ýylyň aprel aýynda " Moskowskiýe nowosti" gazetinde makala çap edýär. Makalanyň mazmunynda Türkmenistanyň ilat sanynyň hasabatdaky bilen deň gelmeýänligini, uly möçberde galplaşdyrylandygyny deliller bilen subut edýär . Biraz soňra 2009 - njy ýylda çap edilen " türkmen demografiýasynyň syry" kitabynda hem bu temany giňden agzap geçýär.
Aslynda waka nähiliräk bolupdy. 1993 - nji ýylyň 22 - nji fewralynda Beki Annaýew Waleriý Oçersowa şeýle mazmunly hat ýollaýar. Welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň ilat sanawy babatynda berlen resminamalar ,azyk paýy ýagny paýok üçin berlen kartoçkalara esaslanyp kesgitlenýär. Elbetde, beýle ýagdaýlarda bolmalysyndan kän görkezilýär. Hakykatda 1993 - nji ýylyň 1 - nji ýanwarynda Türkmenistanyň ilat sany 3 million 904 müň 600 adamdan ybaratdy.
1993 - nji ýylyň 24 - nji fewralynda Beki Annaýew tarapyndan ýazylan haty Waleriý Oçersow goşmaça öz haty bilen bilelikde prezident Saparmyrat Nyýazowa ugradýar . Ol hatyň mazmuny şeýleräk:" döwlet hasabat komitetiniň berýän ýalňyş maglumatlaryna ynanmana gerek ýok. Has dogry maglumaty häkimler we ýaşaýyş jaý edaralarynyň işgärleri berýärler. Olar Türkmenistanyň ilaty 4 million 200 müň adam diýip görkezýärler". Görşümiz ýaly 300 müň tapawut bar. Prezident Nyýazow Oçersowyň ugradan hatyna şeýle jogap berýär. " Bir eýýäm bu maglumaty hasaba alyp , habar beriş serişdelerinde ýaýratmalydy. 10 günden bäri takyk maglumaty ýoýdyryp otyrsyňyz".
Şol günden başlap ähli hasabatda Türkmenistanyň ilat sany 4 million 200 müň adam diýlip görkezilmäne başlady.
Üns beren bolsaňyz Türkmenistan döwleti ilat sanynyň 4 milliona ýetmegi mynasybetli hiç hili çäre geçirmedi. Adatda bolşuna görä dünýä praktikasyna üns bersek, beýle hadysalar şagalaňly bellenilýär. Elbetde Türkmenistan beýle pursady elden bermezdi. Ýöne näme sebäp bolup biler beýle mümkinçiligi sypdyrmana? Jogaby diýseň ýönekeý. Sebäbi ilatyň anyk sanyny galplaşdyrmak bilen meşgullanyp, ursadyň geçenini duyman galdylar. Şeýlelikde galp maglumatyň üsti bilen hökümet gaznasyndaky ýetmezçilikleri, ilat sanyny bolmalysyndan kän görkezmek bilen düzetdiler.
Edil şol döwürler Türkmenistanda ýaşaýan milleti türkmen bolmadyk raýatlar toplumlaýyn döwleti terk edip SNG döwletlerine göçüp başlady.
Edil şol sebäplere görä hasabat komitetiniň 1993 ýyldaky beren maglumatada, şeýle hem 1995 ýylda çap edilen resmi maglumatada ynanmak gaty kyn. Maglumaty galplaşdyrmak däbi dowam edip gelýär. Ýakynda geçiriljek ilat sanawy hem 1993 - nji ýyldaky ýaly galplaşdyryljagy belli.
Döwlet sistemasynyň çüýrükligi sebäpli, öz bähbidini ilerde tutýan Hlestakow ýalylar mydama tapylýar. Galp hasabat bermek Türkmenistanda adata öwrülendigi mälim. Edil şonuň ýaly bu gezek hem,öz peýdasyny ilerde tutup, galp maglumat beriljegi belli. Eger doly takyk maglumat beriläýen ýagdaýynda hem, türkmen hökümeti öz islegine görä üýtgetjekligi anyk.
Şeýle hem geçiriljek ilat sanawynda ýyllar boýy daşary ýurtda ýaşaýan türkmen migrantlary sanawa girmez. Ýaşaýan döwletiniň hasabynda duranlar elbetde bu günki gün az däl. Türkmenistan hökümeti şol meselä nähili seretjekligi barada hiç hili maglumat berenok. Eger daşary ýurtda ýaşaýan Türkmenistanly migrantlary doly sanawa döwlet tarapyndan doly sanawa goşulsa, ýene-de galplyk ýüze çykýar. Sebäbi yzyna dolanjagy ýada dolanmajagy belli bolmadyk raýatlary sanawa goşmak, edil jesetleri diri adamlaryň hatarynda goýmak bilen deň gelýär.
Ýada daşary ýurtlylary sanawa almak hökmanmy? Daşary işler ministrliginiň näçe adama wiza berlendigi baradaky hasabata salgylanmak , ýada serhet gullugynyň yurdy terk edip , döwlet serhedinden çykanlaryň hasabyna salgylanmak has dogry. Türkmen hökümetiň aýtmagyna görä bu işlerde ýokary hilli häzirki zamana döwrebap enjamlary ulanylýar.
Resmi Aşgabat ilat sanawy sanly ulgamlar arkaly amala aşjagyny belledi . Munuň özi ýene bir gezek döwlet baştutanynyň şan - şöhratyny arşa galdyrmak üçin amatly bahana bolup durýar. Iş ýüzünde welin, sanly ulgamyň işjeňligini daşary ýurtdaky türkmen konsullygynyň öňündäki raýatlaryň resminama üçin nobata duruşundan, şeýle hem Stambul howa menzilinde halkyň jemlenmeginden mälimdir .
" Özlerini mahabatlandyrmak bilen näme gazanýarlar?" - diýen sorag elbetde her kimi gyzyklandyryp biler. Jogap diýseň ýönekeý. Dünýä jemgyýetine Türkmenistanda hor ýaşaýan ýok . Şeýle hem BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝARLYK ZAMANYNDA yurtdan gaçýan ýok - diýip görkezmekdir.
Ynsan haklary barada Türkmen Helsinki gaznasy.