30-nji maÿda Aşgabat - Dubaÿ aralygyndaky yzygiderli uçuşlar ÿola goÿuldy. Şeÿle hem Tatarystan döwletiniń Kazan şäherine hem yzygiderli gatnaw uçuşlary ÿola goÿuldy. Aşgabatdan Dubaÿa uçmak üçin ÿolagçy 6700 manat nyrhy bolan petegi ( bilet) satyn almalydyr. Amerikanyñ birleşen ştatlarynyñ dollar hasaby boÿunça 1914 dollara deń bolÿar. Kazan şäherine gitmek üçin uçar biletini 8020 manada satyn almaly (2291 dollardan ybarat). Diÿseñ gymmat nyrhlar. Her kimiñ beÿle nyrhda bilet satyn almana elbetde mümkinçiligi ÿok.
Ÿüze çykan ÿagdaÿy, ekonomiki meseleler boÿunça ekspert hünärmeni Annadurdy Hajiÿewden öz pikirlerini aÿtmagyny haÿyş etdik:
Biletleriń beÿle gymmat nyrhda bolmagyna näme sebäp bolup biler?
Geliñilki bilen -
nyrhatäsir edip biljek sebäplere seredeliñ - we goñşy döwletler bilen nyrhlary - deñeşdireliñ. Aşgabat we Dubaÿyñ arasy 1448 kilometrden ybarat. Şeÿlelikde 1 kilometr howa ÿolunyń nyrhy 1.32 düşÿär.
Deñeşdirmek üçin Özbekistan döwletini alsak, Daşkent şäherinden Dubaÿa çenli aralyk Aşgabada seredende 800 kilometr uzakda bolsada 260 dollar. Täjigistan döwletiniń paÿtagty Duşanbe şäheri bilen Dubaÿyń arasy Aşgabada seredende 500 kilometr uzakda bolsada uçar biletiniń nyrhy 240 dollar. Bu döwletlerde 1 kilometr howa ÿolunyñ nyrhy takmynan 0.12 sent bolup durÿar. Diÿmek beÿleki döwletler bilen deńeşdirende türkmen howa ÿollary awia kompaniÿasy uçar biletini 10 esse gymmat nyrhda satyan eken. Üns çekmeli zadymyz, uçar biletiniń nyrhy 30 — 40 göterim awia ÿangyjyń bahasyna bagly bolup durÿar. Edil şu wagt Rossÿada awia kerosiniñbahasy 750 — 800 dollar aralygynda. Özbegistanda 900, Täjigistanda 1000 dollardan sähel ÿokarda.
Iñ arzan bahaly kerosin Türkmenistanda. Türkmenbaşyñ nebiti gaÿtadan işleÿiş zawodlar toplumy geçen ÿyl Jet A — 1 awia kerosinini öndürip başlady. Iń sońky nyrhlara esaslansak şol kerosiniñ 1 tonnasynyñ bahasy 300 dollardyr. Diÿmek, logiki düşünjä eÿersek “Türkmen howa ÿollarynyń” uçar biletleriniñ nyrhy beÿleki döwletlerińkiden iñ arzany bolmaly. Sewäbi aralyk hasabyndada, ÿangyç nyrhynyń hasabyndada tapawut kän. Näme üçindir biler “altyn” nyrhda satylÿar.
—BeÿIe gymmat nyrhda bilet satmagyna “Türkmen howa ÿollarynyń“ nähili sebäplere esaslanyp biler?
Kimdir biri gara bazardaky dollaryň hümmeti bilen dolandyrylýar diýip biler. Emma bu ýagdaýda-da türkmen biletiniň bahasy bäsdeşlik bolmanlygy sebäpli gaty ýokary.
—Belki-de türkmen halkynyñ aÿlyklary ÿokarydyr. Sebäbi Türkmenistan tebigy resurslara baÿ döwlet. Şu sebäpden bolup bilermi?
— Türkmenistanda ortaça aýlyk bary-ýogy 290 dollar (Özbegistanda – 300, Täjigistanda -157). Türkmenistanda adam başyna düşýän jemi içerki önümiň 8,843 dollar bolandygyna garamazdan. Bu MVF 21-nji ýylyň oktýabr aýyndaky hasabatyna görä). Bu, göz öňünde tutýan üç döwletimiziň arasynda iň ýokary görkeziji: Özbegistanda – 1901 dollar, Täjigistanda – 839 dollar.
Indi siziň soragyňyza jogap bereýin. Biletleriň gymmat nyrhda satylmagynyň sebäbi “Türkmen howa ýollary” awia kompaniýasy döwlet edarasy. Onuň bu ugurda garşydaşlyk görkezip biljek bäsdeşi ýok. Şol sebäpden islän nyrhyny kesýär. Bu höküm sürýän ýokarky gatlaga diýseň amatly. Belläp geçişim ýaly nyrha täsir edip biljek bäsdeşleri ýok. Türkmenistanda talaba laýyk adalatyň ýoklugy sebäpli, raýatlar şeýle haklarynyň bozulmalaryna, ýagny elýeter nyrhda däldigine we erkin syýahat etmek haklarynyň bozulýanlygy hakda hiç ýere ýüz tutup bilenoklar.
Onsoň, Ynsan hukuklaryny goraýjylar, beýleki zatlar bilen bir hatarda, Kazana uçuşyň deportasiýa merkezlerinde saklanýan islenilmeýän adamlary deportasiýa etmek üçin bir kanal açmagyndan gorkýarlar.
Ýene bir bellemeli zadymyz. Gymmat nyrhlary bellemek bilen çäklenmän, üstesine gatnaw uçuşlarynyň sanyny maksimal derejede azaldyldy, ýolagçylaryň sanynyň känligine seretmezden. Bu zatlar bilgeşleýin edilýär. Sebäbi pandemiýa we pasportlarynyň talabalaýyk däldigi üçin, daşary ýurtlarda galan Türkmenistanly raýatlara watanyna dolanmazlygy üçin, bilkastlaýyn bökdençlik döredilýär. Soňky iki ýylyň içinde ýurt daşynda Türkmenistanyň awtoritar režimine nägileligini bildirýän protest hereketleri köpeldi. “Azat howasyndan” dem alyp gören adamlardan režim howatyrlanýar. Resmi Aşgabat ýagdaýyň köşeşmegine garaşýar.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy