Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

ABŞ-nyň ÝHHG-daky hemişelik wekili Türkmenistanda häkimiýetiň dinastiýa arkaly geçirilmegini tankytlady.

ABŞ-nyň ÝHHG-daky hemişelik wekili Türkmenistanda häkimiýetiň dinastiýa arkaly geçirilmegini tankytlady.

ABŞ-nyň ÝHHG-daky hemişelik wekili Türkmenistanda häkimiýetiň dinastiýa arkaly geçirilmegini tankytlady.

ABŞ-nyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky hemişelik wekili Maýkl Karpenter 27-nji sentýabrda, Polşanyň paýtagty Warşawada adam ölçegleri boýunça geçirilen maslahatda eden çykyşynda, Türkmenistanda mart aýynda geçirilen prezident saýlawlarynyň ne azat, ne adalatly, ne-de bäsleşikli bolandygyny aýtdy we häkimiýetiň dinastiýa arkaly atadan ogla geçirilmegini tankyt etdi.

Amerikan ilçisi Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen prezident saýlawlarynyň dinastiýa arkaly, ýagny atadan ogla geçirilmegine alyp gelendigini, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň mundan öňki ýyllarda beren teklipnamalarynyň, şol sanda häkimiýetiň bölünişigi, köpdürlilik gurşawy, esasy adam hukuklarynyň, metbugat azatlygynyň, saýlaw dolandyryşynyň, saýlawçylary we dalaşgärleri hasaba almagyň, kampaniýa geçirmegiň we saýlaw günündäki proseduralaryň berjaý edilmegi barada beren maslahatlarynyň gözden salnandygyny aýtdy.

“Bu saýlawlar ne azat, ne adalatly, ne-de bäsleşikli boldy” diýip, Karpenter aýtdy.

26-njy sentýabr - 7-nji oktýabr aralygynda Polşanyň paýtagty Warşawada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň adam ölçegleri maslahaty geçirilýär.

ABŞ wekili adam ölçegleri maslahatynda eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň "demokratik täzeleniş we demokratiýalaryň şu günki günde ýüzbe-ýüz bolýan iň uly howp-hatarlaryna garşy durmak" meselesindäki pozisiýasyny beýan etdi.

"Biz gatnaşyjy döwletleriň käbiriniň azat we adalatly saýlawlary geçirmek, jemgyýetçilik durmuşyndaky deň gatnaşyk, raýat we syýasy hukuklara hormat goýmak boýunça öz üstlerine alan borçnamalaryny durmuşa geçirmegi meselesinde aladaly bolmagymyzda galýarys. Biz bu döwletleriň ählisini bu meseleleri çözmek üçin Demokratiýa institutlary we adam hukuklary edarasy bilen işleşmäge çagyrýarys” diýip, ilçi aýtdy.

Türkmenistanda 12-nji martda prezident saýlawlary geçirilip, döwlet baştutany wezipesi öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirildi.

Has ozal, Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti dolandyrmak işlerini ýaş ýolbaşçylara ynanmagy makul hasaplaýandygyny aýtdy we wezipeden çekilmek niýetini ýaňzytdy.

Munuň yz ýany, ýurduň Mejlisi gyssagly ýagdaýda prezident saýlawlarynyň geçiriljek gününi yglan etdi.

Bir aý töweregi dowam eden saýlaw kampaniýasy döwründe ýurduň syýasy sahnasynda ozal tanalmaýan sekiz dalaşgär bilen bir hatarda Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärligi Merkezi Saýlaw topary tarapyndan hasaba alyndy.

Daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýa toparlary, raýat jemgyýetiniň wekilleri Türkmenistanyň prezident saýlawlarynda bäsleşmek üçin dalaşgär hödürleýändiklerini yglan etdiler. Ýöne türkmen saýlawlaryna oppozisiýa agzalary gatnaşdyrylmady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary saýlaw kampaniýasy döwründe häkimiýetleriň býujet işgärlerinden Serdar Berdimuhamedowa ses berilmeginiň talap edilendigini habar berdiler. Saýlaw güni bolsa Azatlygyň habarçylary ýurduň bir sebitinde saýlaw býulletenleriniň Serdar Berdimuhamedowyň peýdasyna üýtgedilendigini habar berdi.

Giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalarynyň arasynda geçirilen prezident saýlawlaryndan birnäçe gün soň, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary dalaşgär Serdar Berdimuhamedowy 72,97 % ses bilen ýeňiji yglan etdi.

Saýlawlardan dört gün ozal, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy mundan ozal Türkmenistana saýlaw ulgamyny ösdürmek barada berlen teklipnamalaryň berjaý edilmändigini aýdyp, Türkmenistanda geçirilen prezident saýlawlaryna synçy missiýasynyň iberilmezligini maslahat berdi.

15-nji martda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistanda geçirilen prezident saýlawlary boýunça çap eden beýanatynda ABŞ-nyň Türkmenistanda “azat, adalatly we bäsleşikli saýlaw prosesiniň üpjün edilmändigi” barada ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň gelen netijesi bilen ylalaşýandygyny mälim etdi.

“Biz Türkmenistanyň hökümetini saýlaw ulgamynyň baha beriji hasabatda görkezilen ülňülere laýyk getirilmegi üçin Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edaranyň beren teklipnamalaryny berjaý etmäge çagyrýarys” diýip, ABŞ-nyň daşary syýasat edarasy aýtdy.

Saýlawlardan ýedi gün soň, 19-njy martda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul edip, prezident wezipesine girişdi.

Azatlyk Radiosy.

Iň soňky habarlar

Демарш туркменского дипломата в МИД ОБСЕ /Türkmen Diplomatynyň Äsgermezçiligi.
Демарш туркменского дипломата в МИД ОБСЕ /Türkmen Diplomatynyň Äsgermezçiligi.
Türkmen diplomatynyň äsgermezçiligi.
Türkmen diplomatynyň äsgermezçiligi.
TN: BSG Halykowyň işini Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen gozgamagy wada berdi.
TN: BSG Halykowyň işini Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen gozgamagy wada berdi.
Türkmenistanyň hökümetin ilat sanawyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu meselede nämä garaşyp bileris?
Türkmenistanyň hökümeti ilat sanawyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu meselede nämä garaşyp bileris?
Adam hukuklary goraýjý W. Ponomarýowyň THF beren gürrüňi/ (Türkmen dile terjime edilen).
Adam hukuklary goraýjý W. Ponomarýowyň THF beren gürrüňi/ (Türkmen dile terjime edilen).