Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Meniň Türkmenistana gidip-gelişim. 2-nji bölüm.

Meniň Türkmenistana gidip-gelişim. 2-nji bölüm.

Bir aladadan dyndym, indi arkaýyn dogan-garyndaşlaryma myhmançylyga gidip bilerdim. Näme ýalan sözläýin odaba diýseň ýaşaýyş kyndy, iň bärkisi öýlerinde çörek bolmaýan tanyşlarym bardy. Adamlaryň gaýgy-aladasy ýetik, her kim öz gün-güzeranynda, çagajyklaryny eklemegiň ugrunda...Öň hem bir alyp barýan iş ýerleri ýokdy welin, häzirki ýagdaý has hem kyndy. Bu zatlary göz öňünde tutup myhmançylyga gitmäge çekindim, meniň üçin artykmaç aladanmalaryny islemedim. Elimden geldiginde çaga-çugalary begendirmek isledim. Sadakalar paýladym, islärdim ondan köpüräk zatlar edeýin, ýöne meniň hem ýagdaýym çäklidi.

Soňra birnäçe günden başga welaýata myhmançylyga gitdim. Bir-iki günden soňra maňa obamyzyň arçynyndan jaň geldi. Ol meniň etrap häkimligine çagyrylýandygymy aýtdy, sebäbini soramda bolsa bilmeýändigini, oňa etrap häkimlikden jaň edilendigini aýtdy. Jaň edeniň telefon belgisini soramda bolsa bermek gadagan diýdi.Ýene-de bir haýran galdyryjy waka, meni etrap häkimligine näme sebäpden çagyryp bilerler? Pisint etmedim, gerek bolsa özüme jaň ederler diýip gezdim. Aradan ýene bir-iki gün geçeninden soň, bu gezek maňa arçynyň kätibi jaň etdi, we maňa häkimlikde garaşýandyklary barada habar berdi. Gaharym geldi, gödek jogap berdim, kime gerek bolsam özüme jaň etsinler diýdim. Bir sagatdan soňra kätip ýene-de jaň edip maňa Myrat diýen bir adamyň telefon belgisini berdi. Berlen telefona jaň etdim, garşyma çykan adama özümi tanatdym. Meni näme üçin gözleýändigini we näme üçin häkimlige çagyrylýandygymy soramda beren jogaby meni geň galdyrdy. “Dogan, men etrap migrasiýadan jaň edýän (etrapda migrasiýa ýokduguny akmak adam bile biler) siziň bilen görüşmeli”diýdi. Maksadyny soramda bolsa “bar bolan hemme resminamalaryňyzy alyp geliň, size pasport almak üçin ýeňillik döretjek bolýas” diýdi. Onuň aýdan zatlary meni has hem geň galdyrdy, pasport almaga ýeňillik? Emma men pasport almak üçin eýýäm resminamalarymy tabşyrmyşdym. Içime bir bükgüldi düşdi, derrew tanyşyma jaň edip ýagdaýy düşündirdim.

Ol bolsa migrasiýadan jaň edilmeýändigini aýtdy, bu jaňyň diňe MHM-ler tarapyndan bolup biljekdigini aýtdy. Birnäçe günden jaňlaşyp aýdylan ýere bardym. Meni welaýat migrasiýasyna çagyrdylar. Pasport kabul ediş bölümi dälde, ikinji gata çykdym. 5-6 adamyň oturan otagynda meni garşy aldylar. Sapar atly biriniň öňünde oturdum. Göräýmäge näme üçin çagyranlaryny özleri hem bilmeýän ýalydy. Ilki bilen bar bolan meniň we oglumuň resminamalarymyzyň nusgasyny aldylar. Soňam aňlamsyz soraglar sorap başladylar, göýä meniň terjimehalymy ýazýan ýaly. Bren soraglaryna haýbatlyrak jogap berdim, sebäbi hakykatdan hem näme üçin çagyrylandyma düşünmän durdum. Iň soňunda Sapar maňa Türkiýede doglan çagalary hasaba almak prosedurasy boldugyny habar berdi. Hem gaharym geldi, hem gülküm tutdy. Bu gezek çykyp barýarkam gerek bolsam özüme jaň etmeklerini, arçynlygy rahatsyz etmemeklerini aýdyp çykdym.

Iki hepdämiz ajysy bilen, süýjisi bilen geçip gitdi. Oglumyň pasportyny aldym Hudaýa şükür. Indiki işimiz ogluma Türkiýe döwletine gelmek üçin wiza almak boldu. Mundan birnäçe wagt öň Türkiye Türkmenistanlylar üçin indi wizaly giriş kararyny almyşdy. Resminamalarymy doly we dogry tabşyranymdan soňra wizamyň jogabyna garaşdyk. 3 günden soňra wizemyztň taýyn bolanyny aýtdylar. Hemme işlerimiz gutardy, indi gezek uçar petegini almak boldy, bu gezek has aýylganç ýagdaý bilen garşylaşdym. Ýene-de bahasy 405 ABŞ dollary bolan petegi 1000 ABŞ dollaryna satýarlar. We Türkmenhowaýollary agentliginden almak islesek ýakyn 2 aý öňjesine petek ýok diýýärler. Emma 1000 ABŞ dollaryna islendik güne petek tapyp berýärler, isleseňiz ertesi güne bile. Ýene-de tanşyma günüm düşdi, şol günlerde Türkhowaýollary yzygiderli uçuşlary ýola goýup başlapdyrlar, we men özüme we ogluma 1000 ABŞ dollaryna petek alyp sag aman Türkiýä gaýdyp geldim.

Gepiň gysgasy aýtjak bolýan zadym ýurtda korrupsiýanyň gaty ösen derejesi barada aýtmasam hem, eýsem adamlaryň hal ýagdaýy gaty gynandyryjydy. Döwlet edaralaryndaky işgärlerde hiç hili jogapkärçilik ýok, her baran edaraň gapysynda seniň ýüzüňe däl, eliňe seredýärler. Oba adamlary 6 aýlap et iýmeýän wagtlary bolýar, iýmitiň gymmatlygy ortaça 1200 manat zähmet haky alýan adamlara elýeterli däl. Üýtgeşigiräk miweleri gören günleri çagalar baýram edýärler, ýogsa bolmasa çagajyklaryň miwe iýip witamin toplamaly wagtlary juda wajyp.

Pagtadan-bugdaýdan ýylda bir gezek gelýän girdeýji onuň çykdayjylaryna zordan ýetýär. Şäherlerde-obalarda köçelerde şadyýan, dynç alýan adamlara gabat gelmek asla mümkin däl. Paýtagt ap-ak mermer gaty owadan şäher, emma gum-gukluk. Adamlar gytçylykdan, kynçylykdan zeýrenýärler.....

Garaz, meniň Türkmenistana gidip-gelşim ortalama 7000 ABŞ dollaryna barabar boldy, 1 ay galdym, emma maddy çykdayjydan beter meni gaty gynandyran zat meniň Watanymyň halkynyň ýaşaýşy boldy.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar