2025/4248 belgili çözgüt Alişer Sahatow baradaky işe degişli bolup, 2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen diňlenişikde çykaryldy.
Türkiýe Alişer Sahatowa halkara goragy bermegi ret edýän öňki kararyny tassyk etdi. Şeýle hem kazy kararda şeýle diýip belläpdir: «Türkiýe… bosgunlyk derejesini diňe Ýewropadan gelen adamlara berýär; Ýewropadan daşary ýurtlardan gelýänlere bolsa diňe “penä gelýän” (gaçybatalga gözleýän) derejesi berilýär».
Türkmenistanda adam hukuklarynyň yzygiderli we çynlakaý bozulýandygyny görkezýän materiallar kazyýete ýetirilen bolsada, kazy dawa tarapynyň «hakyky howp» — zalymçylykly çemeleşme ähtimallygy ýok diýen netijä gelýär.
«Kazynyň getiren delilleri meni haýran galdyrdy. Alişer barada 24-nji iýulda Edirne deportasiýa merkezinden çykanyndan bäri hiç hili maglumat ýok. Bu ýagdaýyň özi näme — hakyky howp we zalymçylykly çemeleşmäniň alamaty dälmi? – diýip, Alişeriň aýaly Gullala Hasanova karary teswirledi. – Biz Türkiýäniň Konstitusion kazyýetine ýüz tutarys».
BMG-niň ähli adamlary zorlukly ýitirim bolmakdan goramak baradaky Jarnamasyna laýyklykda, zorlukly ýitirim bolmaklyga degişli islendik hereket adamy kanunyň goragyndan mahrum edýär, şeýle hem oňa we onuň maşgalasyna agyr azap-ezýet berýär we halkara hukugynyň kadalarynyň bozulmagydyr.
Adam hukuklary Türkmen Helsinki Gaznasy.