Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Özüne we gyzyna garşy edilen zorlugyň derňelmegini talap eden Jeren Altyýewanyň yzarlanmagy.

Özüne we gyzyna garşy edilen zorlugyň derňelmegini talap eden Jeren Altyýewanyň yzarlanmagy.

Adam Hukuklary Türkmen Helsinki Gaznasy (THF) Türkmenistanyň ýaşaýjysy Jeren Altyýewanyň ýagdaýy bilen bagly çynlakaý aladalanýandygyny bildirýär. Jeren Altyýewa özüne we kämillik ýaşyna ýetmedik gyzyna garşy öýdäki hem-de jynsy häsiýetli zorluk barada döwlet edaralaryna birnäçe gezek şikaýat edenden soň, hukuk goraýjy edaralar tarapyndan yzarlamalara sezewar bolupdyr.

Içerki çeşmelerden alnan maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda polisiýanyň we prokuraturanyň işgärleri Jeren Altyýewanyň Baýramaly şäherindäki öýüne gelip, ony mejbury ýagdaýda näbelli ýere alyp gidipdirler. Bu çärä hukuk goraýjy edaralaryň dokuz işgäri gatnaşypdyr. Jereniň alnyp gidilmegi onuň 11 ýaşly gyzynyň gözüniň öňünde bolup geçipdir. Garyndaşlaryna onuň tutulmagynyň kanuny esaslary we soňra nirede saklanýandygy barada maglumat berilmändir.

Şondan soňky üç hepdäniň dowamynda Jereniň ýakynlarynda onuň nirededigi, saglyk ýagdaýy we aklawçynyň kömeginden peýdalanyp bilýändigi barada hiç hili maglumat bolmandyr. Durmuş hyzmatlarynyň we çagalary goramak boýunça edaralaryň işine hem çynlakaý soraglar ýüze çykýar. Maglumatlara görä, bu edaralar Jereniň kämillik ýaşyna ýetmedik gyzynyň ykbaly we ruhy ýagdaýy bilen bir gezek hem gyzyklanmandyrlar.

Ýakynda gyzjagaz agyr ruhy ýagdaýda wideoýüzlenme ýazga geçirip, häkimiýetlere şeýle ýüzlenipdir: «Meniň ejemi nirä alyp gitdiňiz? Nähili alyp giden bolsaňyz, şeýdip hem öýe gaýtaryp getiriň!»

Ýakynda Jeren Altyýewa garşy kezzapçylyk aýyplamasy boýunça jenaýat işiniň gozgalandygy barada maglumat peýda boldy. Bu işiň nähili ýagdaýlarda we haýsy kanuny esaslarda gozgalandygy garaşsyz barlagy talap edýär. Hukuk goraýjylar bu maglumatyň häkimiýetler tarapyndan bilkastlaýyn sosial ulgamlara ýaýradylan bolmagyndan howatyrlanýarlar. Sebäbi adam hukuk goraýjylar Jeren Altyýewanyň mümkin bolan mejbury ýitirim edilmegi bilen bagly Birleşen Milletler Guramasyna ýüz tutmak üçin resminamalary taýýarlamaga başlapdylar.

Öň bolup geçen wakalary göz öňünde tutulsa, bu jenaýat işiniň Jeren Altyýewanyň hukuk goraýjy edaralaryň hereketsizligi baradaky maglumatlary jemgyýetçilige ýetirmegine jogap hökmünde gozgalan bolmagy mümkin diýen alada hem döreýär. Gürrüniň özi raýatlaryň zorluk we çagalara garşy jynsy jenaýatlar baradaky maglumatlary aç-açan beýan etmegi bilen baglydyr.

Zorluk baradaky şikaýatlara prokuraturanyň çäre görmezligi.

Jeren Altyýewa ozal öz adamsy, gümrük gullugynyň işgäri Mesgen Akmamedow tarapyndan zorluga sezewar edilýändigi barada Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryna, şol sanda prokuratura birnäçe gezek ýüz tutupdyr. Şeýle hem ol Akmamedowy kämillik ýaşyna ýetmedik gyzyna garşy jynsy häsiýetli hereketleri etmekde aýyplapdyr.

Jereniň aýtmagyna görä, «Gyzym zorluga çydap bilmän, garşylyk hökmünde öz janyna kast etmäge synanyşdy. Ony asyljak bolup duran ýerinden soňky pursatda halas etdiler».

Baýramaly şäher prokuraturasynyň 2025-nji ýylyň 11-nji noýabrynda beren resmi jogaby aýratyn alada döredýär. Şol jogapda prokuror M. B. Muradow Akmamedowyň hereketleri baradaky maglumatlary düýbünden inkär etmän, olary «jemgyýet üçin howp döretmeýän» hereketler hökmünde häsiýetlendiripdir.

Ondan öň, 2026-njy ýylyň 18-nji iýunda hem Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary M. Sapargulyýewden şuňa meňzeş jogap gelipdir. Altyýewanyň şikaýat bilen ýüz tutan paýtagtyndaky hukuk goraýjy edaralar hem şol ýerde gaýtalanan zorluk ýagdaýlaryny derňemekden ýüz öwrüpdirler.

Şikaýatçynyň beýan eden ýagdaýlaryna degişli hukuk taýdan baha berilmezden şeýle netijä gelinmegi geçirilen barlagyň dolulygy we bitaraplygy barada çynlakaý soraglary döredýär. Bar bolan maglumatlara görä, prokuratura zorluk baradaky şikaýatlaryň netijeli derňelmegini üpjün etmändir we Jeren bilen onuň gyzyny goramak üçin zerur çäreleri görmändir.

Kämillik ýaşyna ýetmedik çaga garşy jynsy häsiýetli jenaýatlar baradaky maglumatlara degişli çäre görülmezligi Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň we aýallaryň hem-de çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara borçnamalarynyň yzygiderli bozulýandygyny görkezip biler.

Sosial ulgamlarda Akmamedowyň özüniň ýakyn garyndaşy bolan Arkadag şäheriniň häkiminiň howandarlygyndan peýdalanmagy mümkinligi barada hem maglumatlar ýaýraýar. Bu maglumatlaryň dogrulygy garaşsyz barlag arkaly anyklanmalydyr. Şeýle-de bolsa, bu habarlar derňewiň bitarap geçirilmeginiň we wezipeli adamlaryň oňa mümkin bolan goşulyşmagynyň öňüni almagyň zerurdygyny görkezýär.

Şikaýatçynyň yzarlanylmagy mümkinliginiň alamatlary.

Döwlet edaralarynyň hereketleriniň yzygiderliligi aýratyn alada döredýär: ilki zorluk baradaky şikaýatlar netijeli derňelmändir, soňra Jeren Altyýewa mejbury alnyp gidilipdir, ondan soň bolsa onuň garşysyna kezzapçylyk aýyplamasy boýunça galplaşdyrylan jenaýat işiniň gozgalandygy barada habarlar peýda bolupdyr.

Bu ýagdaýlar jenaýat jogapkärçiligine çekmek çäreleriniň öz hukuklaryny we çagasynyň hukuklaryny goramagy aç-açan talap eden aýala basyş etmek üçin ulanylyp-ulanylmaýandygyny barlamagy talap edýär.

Raýatlaryň döwlet edaralaryna ýüz tutmak, mümkin bolan jenaýatlar barada habar bermek we adam hukuklarynyň bozulmagy baradaky maglumatlary jemgyýetçilige ýetirmek hukugy yzarlama, gorkuzma ýa-da başga ýaramaz netijeler howpy bolmazdan kepillendirilmelidir.

Şol bir wagtyň özünde, şikaýatçynyň garşysyna jenaýat işiniň gozgalmagy döwlet edaralaryny onuň öňki şikaýatlaryny netijeli derňemek we kämillik ýaşyna ýetmedik gyzynyň howpsuzlygyny üpjün etmek borçlaryndan boşatmaýar.

Meseläniň ulgamlaýyn häsiýeti we Turkmenistanyň halkara borçnamalary.

Jeren Altyýewanyň ýagdaýy Türkmenistanda aýallaryň hukuklarynyň berjaý edilişi bilen bagly has giň meseleleriň bardygyna hem ünsi çekýär. THF mundan öň Türkmenistanda aýallaryň we gyzlaryň hukuklarynyň bozulmagy boýunça geçiren monitoringiniň netijelerini hem-de ÝHHG-ä agza döwletler üçin amaly maslahatlaryny çap edipdi. Şol hasabatda zorluk we jogapkärçilikden sypmak bilen bagly şuňa meňzeş ýagdaýlar, şol sanda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi bilen bagly waka hem seljerilýär.

BMG-niň adam hukuklary boýunça degişli mehanizmleri hem gender deňligini üpjün etmek we aýallary hem-de gyzlary zorlukdan netijeli goramak barada Türkmenistana maslahatlar beripdi. Muňa garamazdan, şeýle ýagdaýlaryň ýeterlik derejede derňelmeýändigi we ýokary wezipeli adamlaryň jogapkärçilikden goralmagy mümkinligi barada habarlar henizem gelip gowuşýar.

Halkara şertnamalary boýunça Türkmenistan zorlugyň öňüni almak üçin netijeli çäreleri görmäge, zorluk baradaky şikaýatlary öz wagtynda we bitarap derňemäge, ejir çeken adamlary goramaga hem-de olaryň adalatly kazyýete ýüz tutmak mümkinçiligini kepillendirmäge borçludyr.

Adam Hukuklary boýunça Türkmenistan Helsinki Gaznasy