Ýakynda çeşmämiz Türkmenistandan Türkiýä işlemek üçin gelen türkmen raýaty bilen söhbetdeş boldy. Howpsuzlyk sebäpli raýatyň maglumatlaryny görkezmeýäris.
“3 aý mundan ozal Türkiýä gelmek üçin gerekli resminamalary toplap Türkiýäniň wiza merkezine tabşyrdym. Günler soňra maňa wize berdiler. Uçar petegini alyp howa menziline geldim. Elimde wizamyň bolmagyna garamazdan migrasiýa gullugy birnäçe goşmaça resminama talap edip gitmegime rugsat bermedi. Men turist wizasy alypdym, migrasiýa gullugynda “Näme üçin gidip barýarsyňyz?” soragyna söwda etmäge barýaryn diýdim. Menden söwda üçin ygtyýarnamanyň (patent) bardygyny soradylar, elimde ýokdu, dogrusu gerek boljagyny düşünmedim. Lapym keç bolup yzyma gaýtdym, talap edilen resminamalary toplamaga başladym.
Ilki bilen söwda üçin ygtyýarnamany almagyň ýoluna düşdüm, soňra banka gidip öýümi girewine goýup karz pul aldym, adyma bank hasabyny açdyryp gerekli mukdary hasabyma goýdum. Indiki ädim meniň gitmegime kepil bolup biljek adam tapmakdy. Ýoldaşym kepillik haty berdi. Göräýmage gerekli hemme zady üpjin etdim, emma migrasiýada iş munuň bilen bitmedi. Hemme resminamalarymyň doly we dogrudugyna garamazdan howa menzilinde meni ýene-de migrasiýa gullugynyň başlygynyň otagyna çagyryp 15 günden soňra gaydyp geljekdigim barada dil haty aldylar. Şeýdip Türkiýä geldim.”
“Men Türkiýä gelmäge mejbur boldum, ýagdaýym gaty kyn, çagam ulalýär, oňyň geljegini üpjin etmek üçin men işlemeli. Türkmenistanda işsizlik dowam edýär, wagtal wagtal bir sogany ikä bolüp ýarysyna bu gün nahar, beýleki ýarysyna ertir nahar bişirýäris” - diýip raýat gynançly şekilde bize gürrüň berdi.
Mälim bolşy yaly, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan hökümetiniň haýyşy boýunça Türkiýe Türkmenistan raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi. Şeýle-de bolsa, ýurtdaky işsizlik sebäpli daşary ýurda, şol sanda Türkiýä gitmek isleýänleriň sany azalmady. Türkmen raýatlarynyň bu barada çekýän kynçylyklarynyň yzy kesilmeýär.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.