Ondan öň, 2022-nji ýylyň 16-njy awgustynda ir sagat 11:00-da Stambuldaky T ürkmen konsullygynyň çäginde birnäçe raýat aktiwistiniň Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçin hat iberjek bolanda edaranyň işgärleri tarapyndan hüjüm edilendigini habar berdik. Bu ýere gelenler ( şol sanda iki çaga we aýal maşgalalar), olaryň aklawçylary we döwlete degişli däl türk jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri kemsidildi we haýbat atyldy, bir aktiwistiň kellesi we ýüzi agyr ýaralandy. Ýagdaýa ýerli polisiýa goşuldy, ejir çekenler şol gün prokuratura arz etdiler.
Stambuldaky lukmançylyk edaralary pidalarda urgy yzlarynyň bardygyny tassyklady. Mundan başga-da, pidalar prokurorlara jenaýatyň suratlaryny, wideolaryny we beýleki subutnamalaryny berdiler. Ähli materiallar, şol sanda konsullyk binasyndaky we töweregindäki kameralardan wideo şekilleriň üstünde işlenýär. Aklawçylaryň pikiriçe, prokuratura derňewi, şol sanda Merdan atly konsullyk işgärine we Ahmed atly başga bir hüjümçä garşy alnyp barylýar.
THF-iň gözegçiligine görä, Stambulyň merkezindäki konsullyk işgärleriniň garakçylar ýaly hüjüm etmegi, paýyş sözleri aýtmagy we haýbat atmalary gysga wagtyň içinde türk sosial ulgamlarynda güýçli täsir döretdi. Waka köpçülige ýetirilen badyna konsullyk işgärleri üç aktiwistiň garşysyna garşylyk görkezmek we ejir çekenlere töhmet atmak bilen özlerini ejir çekenler hökmünde görkezýan roly oýnamaga synanyşdylar.
Geçen hepde raýat aktiwistleriniň aklawçylary Stambulyň Baş prokuraturasynyň pidalara garşy türkmen konsullygynyň işgärleriniň şikaýatyna esassyz garandygyny we jenaýat işini açmazlyk kararyna gelendigini habar berdiler. Türk häkimiýetleri bu maglumatlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine iberdi.
Hünärmenler türkmen konsullygynda bolup geçýän wakalar bilen Jemal Haşoggi bilen bolan wakanyň arasynda meňzeşlik görýärler, ol bolsa türk halkyny uly alada goýýar.
Şeýle deňeşdirme, Stambuldaky Türkmen diplomatik edarasynyň işgärleriniň konsullyk binasynyň içine iň işjeň gelýänleri getirmäge synanyşmagy bilen ýüze çykýar. Migrantlaryň pikiriçe, bu zerur däl, tutanýerli, gödek, käte zor bilen we näbelli maksat bilen edilýär. Daşary ýurtdaky beýleki türkmen konsullyklarynda-da şuňa meňzeş wakalaryň bardygy habar berildi.
Daşary ýurtdaky türkmenlere hüjüm edilmegi we ýenjilmegi soňky iki ýylda adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Awgust aýynda polisiýanyň öňünde türkmen diplomatlary bir türk aklawçysyna we jemgyýetçilik guramasynyň meýletinçisine-de garşy çykdylar. Bu bolsa diplomatik dawanyň bolmagyna sebäp bolup biler.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.