Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

SOS!

SOS!

Prezidentlige dalaşgärimiz Nurberdi Nurmammedowyň derrew boşadylmagyny talap edýäris.

2006-njy ýylyň 23-nji dekabrynda günortan (sagat 4-de) "Agzybirlik" Halk Demokratik Hereketiniň başlygy Aşgabatdaky öýünden çykyp gitdi. Nurmammedow uzak wagtlap öýüne gaýdyp barmady. Bu barada alada edip, garyndaşlary gözläp başladylar: dostlaryndan we tanyşlaryndan soradylar. Emma olar hiç zady bilmeýärdiler. Soňra hökümet işgärlerine ýüz tutdular, olar Nurberdi hakda hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýtdylar.

N.Nurmammedow ýitirim bolmagynyň öňüsyrasynda Prezident Nyýazowyň ölümi bilen baglanyşykly "Azatlyk" radiosyna interwýu berdi we Türkmenistanda demokratik ädimleriň başlanjakdygyna umyt bildirdi. Häkimiýetler, Türkmenistanda bar bolan ulgama uzak wagtlap garşydaş bolan, halk arasynda uly abraýdan peýdalanýan, dünýäde demokratiýanyň, söz azatlygynyň eýesi hökmünde tanalýan we ýurtdaky iň uly oppozisiýa guramasyna ýolbaşçylyk edýän Nurmammedowyň bu sözlerinden gorkdular.

Türkmenistanyň Birleşen Demokratik Oppozisiýasy 2007-nji ýylyň fewral aýynda geçiriljek prezident saýlawlarynda Nurberdi Nurmammedowy Türkmenistanyň prezidentligine dalaşgär edip görkezdi.

Türkmenistanyň häkimiýetlerinden prezident saýlaw kampaniýasyna başlamagy üçin Nurberdi Nurmammedowy gyssagly boşatmagyny talap edýäris. Şeýle hem, dünýäniň demokratik döwletlerine, bütündünýä demokratik jemgyýetçiligine, Amnesty International, Human Rights Watch, Memorial we dünýäniň demokratik habar beriş serişdelerine abraýyňyzy we ygtyýarlyklaryňyzy peýdalanyp türkmen häkimiýetlerini N.Nurmammedowy boşatmaga mejbur etmek üçin haýyş bilen ýüz tutýarys.

Türkmenistanyň Birleşen Demokratik Oppozisiýasy.

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi