Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

ÝHHG Türkmenistany syýasy özgertmelere çagyrýar.

ÝHHG Türkmenistany syýasy özgertmelere çagyrýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) baş sekretary Karel De Gýuht, Türkmenistanyň ömürlik prezidenti Saparmyrad Nyýazowy erkin ýerli saýlawlar we tussaglara garaşsyz synçylar üçin "demokratiýalaşma" başlamaga çagyrdy.

ÝHHG penşenbe güni ýaýradylan press-relizinde De Gýuhtyň bir gün öň Nyýazow bilen bolan duşuşygynda "syýasy özgertmeleriň we demokratiýalaşmagyň başlangyjynyň" möhümdigini aýtdy.

"... (De Gýuht) (Türkmenistan) hökümetini şu ýylyň iýul aýynda ýurduň halkara borçnamalaryna laýyklykda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna erkin we açyk saýlawlar geçirmäge çagyrdy" -diýip, ÝHHG-nyň Aşgabat bölümi penşenbe güni hasabat berýär.

1985-nji ýyldan bäri energiýa baý Türkmenistanda doly häkimiýet başynda bolan Nyýazow ozal ÝHHG-a 2009-njy ýylda işinden aýryljakdygyny we ilkinji alternatiw prezident saýlawlaryna gatnaşmajakdygyny aýtdy.

ÝHHG halkara guramalaryna tussaglara çäklendirilmedik giriş mümkinçiliginiň berilmegine ünsi çekdi. Mundan başga-da De Gýuht "tussag astyna alynýan ýa-da ýurtdan çykyp bilmeýän dört raýat meselesini" gozgady.

"Prezident Nyýazow bu şikaýatlara içgin serediljekdigini we çözüljekdigini berk ynandyrdy" -diýip ÝHHG aýdýar.

Reýter.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...