Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

ERKIN HEREKET AZATLYGY

ERKIN HEREKET AZATLYGY

Türkmen resmileri, Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň içinde öz raýatynyň çykmagyny ýa-da girmegini düýbünden esassyz we islegine görä gadagan edip biljek ýeke-täk resmilerdir we şol bir wagtyň özünde kanun bozmalary üçin hiç hili jogapkärçilige çekilmeýän resmilerdir. Häzirki wagtda türkmen režimini halamaýan müňlerçe adamyň - raýat aktiwistleriniň, žurnalistleriň, talyplaryň we başga-da köp adamyň Türkmenistandan çykmagy gadagandyr.

Daşary ýurtda okaýan ýaşlarymyz her ýyl şuňa meňzeş kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Türkmen re režimine ýaşlaryň Amerikan programmasyna laýyklykda okamagy ýa-da ýaşlaryň Täjigistanda okamagyny halanmaýar we goldanmaýar. Öz watanynda bilim programmasy pes bolsa, hatda prezidentiň özi hem her ýyl ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin para bermekden zeýrenýän bolsa, ýaşlar näme etmeli? Syýasy arenada talyplary “propaganda guralyna ” öwürenligi mälimdir. Şeýlelikde türkmen bilim ulgamynyň doly çökmegini göz öňünde tutsaňyz, bu ýerde talyp bolmagyň nämedigini göz öňüne getirip bilersiňiz.

Jenap reformaçylar we ýerli işgärler! Özge pikirli we garaýyşly bolan adamlar siz bilen nädip habarlaşmalydygyny bilenoklar. 21-nji asyrda adamy diňe režim tarapyndan girizilen pikirlerden tapawutlylykda öz pikirleri sebäpli saklap bilmejekdigiňizi düşündirmäge synanyşýarlar.

Adamlar menden soraýarlar: režimiň “gara sanawyna” nädip girýärler? - diýip.

Häkimiýetleriň nukdaýnazaryndan islenmeýän we goldanmaýan web sahypalaryna girmek ýeterlikdir. Häkimiýetler tarapyndan islenmeýän adama salam bermek ýa-da daşary ýurtly žurnalist bilen telefonda gürleşmegiňiz ýeterlikdir. Wajyp temalarda gürleşmän, diňe salam bermegiňiz hem häkimýetleriň gara sanawyna girmegiňize ýeterlikdir. Iň bolmanda, Milli Howpsuzlyk Ministrligine çagyrylarsyňyz we beýle adamlar bilen aragatnaşyk saklamagyňyz islenmeýändigi hakynda duýduryş berler. Soltan Açilowa, Natalýa Şabuns, Umida Jumabaýewa, Azatlyk radiosynyň žurnalistleriniň garyndaşlary, - bu şahsyýetler erkin syýahat etmek hukugy bikanun çäklendirilen, aktiwistleriň doly däl sanawydyr.

Belli bir raýatyň ýurtdan çykmagy gadagan edilenleriň “gara sanawynda” bardygyny anyklamagyň ýeke-täk ýoly, ýurtdan çykmaga ýa-da girmäge synanyşmak ýoly bilen belli bolýar. Howa menzilinde size “size gadaganlyk girizilen” diýler. Ine, mundan beýläk size ýerlikli jogap berilmez. Eger talap etseňiz, elbetde problemalar has hem köpeler.

Bu aralykda, soňky habar beriş serişdeleriniň habarlaryna görä, türkmen serhetçileri daşary ýurda okamak isleýän talyplary ýyrt daşyna çykarmagy ýene bir gezek bes etdiler.

Bu taraplary göz öňünde tutup, Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistanda raýatlaryň erkin hereket etmek hukugyny çäklendirýän ýagdaýlara gözegçilik etmek üçin bilelikdäki halkara-milli bilermenler toparyny döretmegi teklip edýäris.

Üns bereniňiz üçin sag boluň.

THF başlygynyň Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýyllyk ýygnagynda eden çykyşyndan.

Iň soňky habarlar

С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Политические преследования в Туркменистане и Каракалпакстане. Side Event, Варшава 04.10.2024.
Политические преследования в Туркменистане и Каракалпакстане. Side Event, Варшава 04.10.2024.
Демократические институты. ОБСЕ БДИПЧ Варшава 1.10.2024 рус/анг
Демократические институты. ОБСЕ БДИПЧ Варшава 1.10.2024 рус/анг