Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Pasportlary uzaltmagyň gara shemasy.

Pasportlary uzaltmagyň gara shemasy.

Stambul şäherinde ýerleşen Türkmenistan konsullygy raýatlaryň biometrik pasportlaryny uzaltmakda öz bähbitlerine bap gelýän shema bilen işleýärler.

Şol shemanyň pidasy bolan , Türkiýe döwletinde okaýan türkmen talybyna 7 - nji noýabrda ynsan haklary topary kömek etdi. Internet ulgamynda "türkmenistalylaryň pasportlaryny uzaltmakda kömek edýäris " - diýip özlerini mahabatlandyrýan aldawjy topara paspordyny tabşyran 28 - ýaşly Abdylla Orusowyň ynsan haklary barada Türkmen Helsinki Gaznasyna ýüzlenmesi netijesinde oňa kömek edildi.

Asly Ýolötenli bolan 1994 - nji ýylda doglan Abdylla Orusow 2018 - njy ýylda sosiologiýa ugry boýunça okuw okamana gelýär. Ol bize şeýle gürrüň berdi:

- Tiz wagtdan biometrik paspordymyň möhleti gutarýanlygy sebäpli öz wagtynda alada etmä ne başladym. Men Stambul şäherinden daşda okaýan talyp bolanym üçin, paspordymyň möhletini uzaltmak üçin we konsullykda uzak wagtlap nobatda durmana mümkinçiligim ýok. Tanyşlarymdan biziň şäherimizde pasportlary ýygnap alyp, konsullykda uzaldyp, getirip ýene-de eýelerine gowşurýan toparyň bardygyny eşitdim. Elbetde bu hyzmatyň mugt bolmajagyna bilýärdim. Şeýlelikde tanyşlarymyň üsti bilen, Aksaraý şäherinde şol işler bilen meşgullanýan Akmuhammet Abdyrahmanow bilen tanyşdym. Akmuhammediň sözlerine esaslansak, konsullyk bilen ozaldan bäri işleşip, hiç hili kynçylygyň bolmajagyna, şeýle hem sözüniň ýöreýändigine ynandyrdy. 2022 - nji ýylyň 18 - nji iýulynda paspordymyň möhletini konsullyga gidip uzaltmagy üçin Akmuhammede berdim.

Bu iş prosedurasy 4 aýa golaý dowam etdi. Şol 4 aýyň içinde 8-9 gezek Akmuhammede jaň etdim we işiň gidişi hakda soradym. Her gezegem bir meňzeş jogap aldym. Paspordymyň tabşyrylyp, indem bolsa konsullykdan habara garaşýanyny aýtdy.

Mas mediada konsullyk işgärleri paspordyň möhletini uzaltma işlerini ortada duran araçylaryň üsti bilen amala aşyrýandygyny subut edýän wideolara birnäçe gezek gabat geldim. Kanun boýunça möhleti uzaldylmaly pasportlary düzgün boýunça dokumentleşdirip resmi poçta bilen ugratmagyň ýerindeşahsyýetleri doly belli bolmadyk adamlary türkmen konsullygy araçy hökmünde ulanýar.

Edil Orusow bilen hem şeýle ýagdaý boldy. Abdylla Orusowyň başgada birnäçe watandaşymyzyň pasportyny araçy hökmünde duran 31 ýaşly Agajan Aşyrowa berýärler. Agajan pasportlary konsullyga alyp baryp, möhletini uzaldyp ýene-de Aksaray şäherine getirip eýelerine gaýtaryp bermelidi. Agajan konsullyga barýarka türk polisleriniň raýatlaryň resminama barlaýan wagtyna gabat gelýär. Ýanynda 150 den gowrak türkmen paspordy bolan Agajandan şübhelenip, haýal etmän polisiýa merkezine alyp gidýärler. Türk polisiýasy ähli pasportlary Agajanyň elinden alýar.

Netijede araçy topar Abdyllanyň paspordyny türk polisleri tarapyndan alnyp, häzirki wagtda hem şol ýerdedigini aýtman, gizläp geldiler. “Çynlakaý gyssamagym sebäpli 20 - nji oktýabrda paspordymy alan Akmuhammet polisiýa merkezinden paspordymy gözlemegimi aýdýar - diýip Abdylla gürrüň berdi. Haçan we nähili ýagdaýda meniň paspordymyň polisiýa merkezine düşenligi hakda Akmuhammetden maglumat alyp bilmedim. Elbetde bu ýagdaý meni alada goýdy. Şol sebäpli size ýüzlenmegi makul bildim” - diýip 28 ýaşly Abdylla Orusow sözüni jemledi.

7 - nji noýabrda ynsan haklary guramanyň agzalarynyň gatnaşmagynda Abdylla Stambul şäheriniň Güngören polisiýa merkezine bardy. Entäk paspordyň möhleti doly gutarmanlygy sebäpli Abdyllanyň paspordyny yzyna gýtaryp berdiler.

Bu iş ýüzünde bolup geçen waka ýene-de bir gezek konsullyk işgärleriniň kanuna laýyklykda borjuny ýerine ýetirmegiň ýerine, ortada durar ýaly araçylary tapyp, şahsy bähbitleri üçin galp we jenaýatçylykly işlere baş goşýandygyny görkezýän açyk aýdyň subutnamadyr.

Ynsan haklary barada Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.