Türkiýedäki deportasiýa merkezinden boşadylan türkmen aktiwisti Dursoltan Taganowa watanynda “kezzaplyk” aýyplamasy yglan edildi.
Ejesi Türkmenistandaky garyndaşlaryna edilýän basyş barada adam hukuklaryny goraýjylara şeýle gürrüň berdi.
12-nji oktýabrda agşam, Stambul deportasiýa merkezinde iýul aýyndan bäri tussaglykda saklanýan türkmen aktiwisti Dursoltan Taganowa boşadyldy. Dürli ýurtlardan gelen 11 sany adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň wekilleri tarapyndan Türkiýe döwletiniň häkimiýetlerine Taganowany Türkmenistana deportasiýa etmezlige çagyrýan beýanat çap edilenden birnäçe sagat soň boşadyldy. Bu karar, türkmen diasporasynyň wekilleriniň arasynda köp seslenme döremegine getirdi.
Şol gün agşam, Dursoltanyň dogany, 27 ýaşly Babajan Taganow Türkmenabat şäher polisiýa müdirligine çagyryldy. El telefony “barlamak üçin” elinden alyndy. Aýal dogany Dursoltan Türkmenistanyň çäginde kezzaplyk aýyplamasy bilen gözlenip, dolanyp gelen mahaly tussag ediljekdigi barada duýdurdylar. Prokuratura ibermek üçin taýynlanan Dursoltana garşy gozgalan jenaýat işi görkezildi. Aýyplamanyň düýp mazmuny entäk belli däl, ýöne günäkärlenýänleriň suratlarynyň eýýäm köpeldilip, ähli sebit polisiýa bölümlerine geçirilendigi habar berildi. Hukuk goraýjy edaralaryň birinde işleýän çeşmämiziň habar bermegine görä, bu kazyýet işi Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň görkezmesi bilen amala aşyrylýar. Birnäçe günden soň Babajan polisiýadan telefony yzyna bermegini isledi. Ýöne, polisiýa gullugy telefony alandygy barada protokolyň ýokdygyna salgylanyp, yzyna telefony gaýtaryp bermedi.
Bu aralykda, 22-nji oktýabrda Türk Migrasiýa Gullugy Dursoltan Taganowa bir ýyl gaçybatalga isleýji şahadatnamasyny gowşurdy. Aktiwist 2020-nji ýylyň 19-njy iýulynda Stambulda tussag edilenden gysga wagt soň gaçybatalga sorady. Deportasiýa merkeziniň başlygy ony öz watanyna ibermezlige söz berip, arzasyny yzyna almaga yrmak üçin birnäçe gezek synanyşdy, ýöne Dursoltan Taganowa bu teklibi ret etdi.
Dursoltan Taganowanyň boşadylmagynyň öňüsyrasynda ejesi Merýemgül Baýmyradowa Stambulda Adam hukuklary merkeziniň we Türkmen Helsinki gaznasynyň wekilleri bilen duşuşyp, Türkmenistandaky garyndaşlaryna edilýän basyşlar barada gürrüň berdi. Bu gürrüňden şeýle many çykaryp bileris. Türkmen häkimýetleri özge pikire eýe bolan adamlaryň hyjuwyny basyp ýatyrmak üçin, elinde baryny edýärler.
Merýemgüliň pikiriçe, Dursoltanyň takmynan 18-19-njy iýunda internetde eden ilkinji çykyşlaryndan soň garyndaşlaryna edilýän basyş derrew başlandy. Dursoltanyň Türkiýedäki wideoýazgylarynda ýüzüni gizlemezden nägilelik hereketine gatnaşan az sanly adamlaryň biridir. Käbir çykyşlarynda Prezident Berdimuhamedowy tankytlamak we oppozisiýa hereketi "Türkmenistanyň Demokratik Saýlawy" bilen aç-açan baglanyşyklydy.
Iýun aýynyň ahyrynda ilaty pasportlaşdyrmak gullugynyň işgäri Jumamyrat Baltaýew aktiwistiň Türkmenabatdaky garyndaşlarynyň ýanyna geldi we Dursoltanyň nirededigini, näme edýändigini sorap başlady. Telefon nomerini sorady we garyndaşlarynyň ýüzbe-ýüz bolup biljek kynçylyklary barada gürleşdi. Öýüne barlandygy barada eşiden Dursoltan oňa SMS arkaly ýüzlenme hatyny iberdi. Ýazylan hatda garyndaşlaryny rahatsyz etmezligini talap edip, näme soragy bar bolsa göni özüne ýüzlenmegini haýyş etdi. Bu edilen teklibe häli häzirem jogap ýok.
Iýul aýynyň ahyrynda, Stambuldaky Türkmenistan konsullygynyň öňünde geçirilen nägilelik aksiýasyndan gysga wagt soň, polisiýa işgärleri Merýemgüliň iki uýasy bilen söhbetdeşlik geçirdi.Merýemgüliň öňki adamsy Ýupusupbaý we ogly Babajan Taganowyň telefon belgilerini sorady. Olar Serdarabat etrabynyň Agalan obasynda ýaşaýandyklaryny anyklanandan soň, iki sany polisiýa işgäri we raýat eşigi geýen iki sany MHM gullugynyň ofiseri iki günläp öýlerine gelip, Babajany zor bilen Serdarabat etrabynyň polisiýa bölümine Äkitdiler. Aýal doganynyň we ejesiniň protest hereketine gatnaşandygy üçin Babajany agyr ýençdiler.
15-nji awgustda Babajan pyçaklanyp, agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi. Bu waka, Babajan 14 ýaşly dogany Serdar bilen howa menziliniň aňyrsynda ýerleşýän daçada düşnüksiz ýagdaýda boldy. Polisiýa olaryň nirede bolýandygyny Babajanyň dostlarynyň üsti bilen anyklapdy. Pidany görmek üçin hassahana gelenler sorag etmek üçin saklanyldy. Biraz wagtdan soň edilen jenaýat işiň derňewi bes edildi.
Iýul aýynyň ahyrynda, Türkmenabatda ýaşaýan Dursoltanyň öňki adamsy Ramazan Artykow hem sorag edildi. Stambulda tussag edilenden bir hepde soň, etrap polisiýa işgäri we raýat eşikli näbelli bir adam iki günläp onuň ýanyna gelip, öňki aýaly barada sorag berdi: Türkmenistandan çykanda, Türkiýede näme edýändigi we ş.m. Gelenler 9 ýaşly ogluna sorag bermäge synanyşdylar, ýöne gaýyn enesi gaharlandy we çagany sorag etmegi bes etmeklerini talap etdi.
Şol aýda, türkmen häkimiýetlerine hyzmat edýän blogerler YouTube-da iki wideo ýerleşdirdi. Wideonyň mazmuny Dursoltan Taganowany abraýdan düşürmäge gönükdirilipdi. Olaryň biri häzirki wagtda elýeterli däl, beýlekisinde Türkmenistanda ýaşaýan öňki mekdep synpdaşynyň negatiw sözleri bar. Hususan-da, aktiwistiň mekdebi taşlandygyny, çagalygynda tertipsiz we hapa bolandygyny, erbet gyzlar bilen tirkeşendigini, "ahlaksyzdygyny, we Türkmenistana beýle adamyň gerek däldigini" aýdýar. Ýene-de bir sany Dursoltanyň abraýyny düşürmek maksady bilen ýazga alna wideo bir hepde ozal YouTube-da peýda boldy. Wideonyň awtory Dursoltanyň suratyndan soň, egninde eşikleri bolmadyk gyzlaryň suratlaryny görkezýär.
10-njy sentýabrda Youtube-da deportasiýa merkezinden Dursoltanyň iberen ses ýazgysy çap edilenden gysga wagtdan soň merkeziň bir işgäri türk häkimiýetlerine Türkmenistanyň konsullygyndan Dursoltanyň “türkmenleri agitasiýa etmegini” dowam etdirýändigi barada ýüzlenme alandygyny alandygyny habar berdi. Öz pikirlerinden el çekmese, deportasiýa merkezinde ýene-de 1 ýyl saklanjaklygy barada duýduryş berdi.
Oktýabr aýynda Türkmenistanda polisiýa işgärleri tarapyndan edilýän basyşlar täzeden güýç aldy. 8-nji oktýabrda Agalan obasynda näbelli bir adam bilen raýat eşigi geýnen etrap polisiýa işgäri, Merýemgüliň aýal doganyny we iki erkek doganyny tussag edip Türkmenabat polisiýa bölümine getirdiler. Olar 55 ýaşly Rozbike, 48 ýaşly Azimbaý we 42 - ýaşly Ziýametdin Baýmyradow. Olar şol gün agşamlyk boşadyldy.
Şol gün agşam Ziýametdiniň aýaly, 32 ýaşly Risalat Süleýmanowa hem tussag edildi. Polisiýa bölüminde edilen basyşlaryň we gorkuzylmalardan soňra, Dursoltan Taganowany we onuň ejesi Merýemgül Baýmyradowany ýazgarýan wideo ýazgy bermäne razy boldy. Wideoda garyndaşlary olardan ýüz öwürendiklerini aýdýarlar. Internetde gürlemegi bes etmegi talap edýärler, sebäbi aýdylýan zatlar "ýalňyş". Her-hili adamlaryň aldow toruna düşen bolmagyňyz mümkin. Häkimýete tabyn boluň. Ondan başga wideoda Dursoltanyň ahlaksyz aýaldygy, kezzapdygy barada hem aýyplamalar bardy.
9-njy oktýabrda Merýemgüliň ogly Babajan Taganowy Türkmenabat şäher polisiýasy sorag etmek üçin äkitdiler. Sorag geçirilenden soňra, şol günüň özünde ony boşatdylar.
Polisiýa işgärleri 8-9-njy oktýabrda tussag edilenleriň hemmesiniň telefonlaryny barladylar. Telefonyň içinden şübheli wideodyr, daşary ýurtdaky oppazisiýa bilen aragatnaşyk saklap biläýjek nomerleri gözlediler.
12-nji oktýabrda Babajan Taganow ýene-de Türkmenabat şäheriniň polisiýa bölümine çagyryp, kompýuterde aýal dogany Dursoltanyň “Watan Donügi” maglumat bazasyna goşulandygyny we GDA-nyň döwletara gözlenýänleriň sanawyna girizilendigini görkezdiler. Babajan daň atýança polisiýa gözegçiliginde saklandy. Ondan soň garyndaşlaryndan birine telefonda täze sorag edilmelerden, ýenjilmekden we edilýän basyşlardan gorkýandygyny aýdyp, şonuň üçin hem bu bolup geçen zatlar hakda gürrüň etmek islemeýändigini aýtdy.
Täjigül Begmedowa, Ynsan haklary barada Türkmen Helsinki gaznasy.
Witaliý Ponamarýow ”Memorial” adam hukuklary merkezi.