Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Koronawirus: Ynsan haklaryny goraýjylar türkme hökümetinden statiskanyň köpçülige elýeter bolmagyna çagyryş etdiler.

Koronawirus: Ynsan haklaryny goraýjylar türkme hökümetinden statiskanyň köpçülige elýeter bolmagyna çagyryş etdiler.

Häkimiýetleriň resmi maglumatlaryna görä, Türkmenistanda COVID-19 ýokanç keseli bilen kesellän ýekejede adam tapylmandyr. Human Rights Watch dünýä guramasy resmi Aşgabatdan synaglaryň giňden elýeterli bolmagyny soraýar.

Human Rights Watch (HRW) dünýä guramasynyň agzalarynyň pikine görä, türkmen häkimiýetleri " Türkmenistanda koronawirusyň bardygyny inkär etmek bilen, jemgyýetiň saglygyny uly howp goýýarlar" -diýip belledi. Ynsan hukuklary guramasy 27-nji iýunda şenbe güni bu mowzuga degişli bolan maglumaty paýlaşdy.

"Resmiler COVID-19 ýokanç keseliniň Türkmenistanyň çäginde ýokdugyny öňe sürýärler. Saglygy goraýyş ulgamynd işleýän işgärleri mejbury ýagdaýda dymdyrýarlar we adamlaryň kesel ýokuşmazlygy sebäpli birek birege golaýlaşmazlyk we beýleki öňüni alyş çärelerini öňe sürmeýärler" -diýip HRW dünýä guramasy belledi.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar ýurduň häkimiýetlerini hassalar barada maglumatlary ýygnamaga we neşir etmäge, alnyp barylýan işleri giňden elýeterli etmäge we "saglygy goraýyş işgärleriniň senzurasyny bes etmäge" çagyrdy. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde täze wirus ýokaşma mümkinçiliginiň ýokdugyny öňe sürýän ýeke-täk döwletdir. Türkmenistan fewral-mart aýlarynda Eýran, soňra Owganystan we beýleki goňşy döwletler bilen serhetlerini ýapdy. Şol bir wagtyň özünde bir wagtlar SSSR-iň düzüminde bolan beýleki döwletler bilen hem ýollaryny ýapdy. DW habarçysynyň habar berşi ýaly, häkimiýetler jemgyýetçilik ulaglaryny yzygiderli ýörite dermanlar bilen dezinfeksiýa etdiler. Aprel aýynyň başynda toýlary we ýubileýleri bellemek üçin çäklendirmeler girizdiler: gatnaşyjylaryň sany 200 adamdan köp bolmaly däldir diýen buyruk girizildi.

https://www.dw.com

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.