Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Çankyryda ýerleşýan deportasiýa lagerinde bolan türkmeniň ýatlamalary. - 3 в.

Çankyryda ýerleşýan deportasiýa lagerinde bolan türkmeniň ýatlamalary.

Özüniň tanalmazlyk şerti bilen adyny Ylýas diýip beren watandaşymyzyň bize beren maglumatlaryny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

“Men Çankyry geri gönderme merkezinde (deportasiýa lagerinde) uzak wagtlap galdym. Ol ýeri ilkinji nobatda adamyň ganyny içýän bitleri bilen tanalýar diýip biljek. Sebäbi , ýuwunmak üçin gyzgyn suw ýok. Egin-eşikleriňi ýuwmak üçin hiç-hili şert ýok. Netijede şol ýerde saklanylýan adamlar tiz wagtda bitleýär. Bitler infeksiýa ýaýradyjy parazitler bolmagyna garamazdan, olara garşy göreşmek çäreler amala aşyrylmaýar. Lageriň adminstrasiýasy tarapyndan diş pastasydyr, şýotka, sabyndyr, şampun asla berilmeýär. Diňe aýda bir sany sakgal almak üçin stanok berilýär. Lageriň çäginde hususy dükan bolup, zerur bolan zatlar şol ýerden satyn alynýar.

Ýatmak üçin niýetlenen matraslara örtük (prostyn, navloçka) berilýär. Emma, näçe ulanylsada çalşyrylmaýar we ýuwulmaýar. Wagtyň geçmegi bilen ýaňky örtükler bitleriň öýüne dönýär. Berilýän iýmitiň hili we ýokumlylygy gaty pes. Esasan hem gaýnadylan ot, nohut, noýba berilýär. Hepdede bir gezek etli nahar berilýär. Etiň mukdarynyň azlygy we maýda dogralanlygy sebäpli hemmelere ýetenok.

Tutulan adamlar wagonlarda saklanylýar. 6 adama niýetlenen otaglarda 18-20 adam galýar. Ýakynlaryň bilen telefonda islendik wagt gürleşip bolýar. Ýagny telefon üçin çäklendirme ýok. Çankyryda aýratyn blokda aýal maşgalalar we çagalar hem saklanylýar. Aýallaryň saklanylýan blogynda hem gigiýene şertleriniň pesdigi hakynda gürrüňler bolýady.

Meniň indiki aýtjak zadym belki köp adamlary haýran galdyrar. Çankyry geri gönderme merkezinde her näçe şertler kyn bolsada, türkmenistanlylar gününe kaýyl.

"Türkmenistana deport etmeseler bolýa" - diýýärler. Sebäbi, ýurduna dolanyp barsalar, işiň ýoklugy, maşgala eklemek kyn boljagyna akyl ýetirýärler. Şol sebäpden gününe kaýyl bolýarlar. Lageriň içinde türkmenler gaty agzybir. Ýanynda puly bolmadyk, hossarlary tarapyndan pul geçirilmeýän türkmenlere hem beýleki türkmenler goldaw berýärler. Türkmen hökümeti daşary ýurtdaky halkyny alada etmeýänligi üçin şeýle günlere düşýäris. Dokumendi düzüw bolanda elbetde halk bu güne düşmezdi. Hatda ýurda gidip täze biometrik pasport alyp gelmekden boýun towlaýarlar. Sebäbi, pasport almak, wiza oňartmak, bilet çykdaýjysy, iň soňunda hem halkara aeroportdan daşary ýurda çykarjagy ýa-da çykarmajagy belli däl. Eger çykarylan ýagdaýynda hem - ozalkylar ýaly " legal" ýagdaýda galmak mümkinçiligi ýok. Görkezilen wizanyň möhleti dolmazdan yzyňa dolanmaly. Şonuň üçin görgüliler gününe kaýyl bolmakdan başga alajy ýok.

Türkmenleriň çykgynsyz ýagdaýyndan peýdalanyp, ýerli adwokatlardan käbirleri öz biznesini gurdylar. Adwokatlaryň aldow toruna düşenler hem az bolmady” - diýip, söhbetdeşimiz Ylýas sözüni jemledi.

Adam hukuklary barada Türkmen Helsinki Gaznasy

Iň soňky habarlar

Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.