Türkiýede ýaşamagyny kanunlaşdyrmak meselesi bu ýurtdaky türkmen raýatlary üçin esasy kynçylyklaryň biri bolmagynda galýar. Türk häkimiýetleriniň daşary ýurtlulardan edýän migrasiýa talaplaryny güýçlendirmegi bilen bir hatarda pasportynyň gutarmagy köpsanly türkmen raýatynyň ýagdaýyny kynlaşdyrýar we kanuny taýdan Türkiýede galmagyna mümkinçilik bermeýär. Bu aralykda, bikanun galandygy sebäpli tussag edilenler kyn ýagdaýa düşýär. Adam hukuklaryny goraýjylar Türkiýedäki deportasiýa merkezlerinde türkmen raýatlarynyň ýenjilmegi bilen baglanyşykly täze waka barada habar berdi.
"Türkmen Helsinki Fondy" (THF) 10-njy aprelde duşenbe güni Türkiýäniň Wan şäherindäki deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen migrantlarynyň ýenjilendigini habar berdi. Guramanyň maglumatyna görä, türkmenleriň öz watanyna zor bilen deportasiýa edilmegine garşy çykmagy muňa sebäp bolupdyr.
"Bu ýerde saklanýan 130 türkmenden 100-e golaýy türk žandramlary tarapyndan ýenjildi. Köpüsi agyr beden şikeslerini aldy. Olar diňe türkmenleri ýençdiler, çem gelen ýerine urdular, netijede kellesine şikes ýeten, elleri gaňrylan we bedeni gök dalak bolan pidalar bar. Munuň sebäbi türkmenler öz watanyna zor bilen deportasiýa edilmeginden ýüz öwüripdir" - diýip, THF habar berýär.
Gurama wakanyň şaýatlaryndan birini sitirleýär: "Biz türk häkimiýetlerinden beýle berk çärelere garaşmadyk, sebäbi bize hemişe türkleriň doganlarymyzdygy aýdylýar. Görnüşe görä, olaryň sabyry hem çäklidir."
THF-nyň habaryna görä, bu wakadan soň, ýenjilen türkmen raýatlary 2 gün telefon etmek hukugyndan mahrum edilipdir.
"Biz türk adam hukuklary aktiwistleri bilen habarlaşdyk, olar degişli edaralara habar berdiler" diýip, THF ýazýar.
Azatlyk Radiosy Wan şäheriniň deportasiýa merkezinden we türk Migrasiýa gullugynyň wekillerinden resmi düşündiriş alyp bilmedi.
THF şu hepdäniň başynda Türkiýedäki üç deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen raýatlarynyň sany barada maglumat çap etdi: Wan şäherinde 139 adam, Ankaranyň golaýyndaky Çankaryda 100 adam we Erzurumda 200 töweregi adam. Şeýle-de, gurama uzak wagtlap deportasiýa merkezlerinde saklanýan türkmenleriň agyr ýagdaýy, köpleriň "üzňelige, çaknyşyklara, ýakalaşyklara çydamaýandygyny, depressiýa düşýändigini, öz janyna kast etmäge synanyşmak ýaly ýagdaýlary" başdan geçirýändigini habar berdi.
Adam hukuklaryny goraýjy gurama, deportasiýa merkezlerinde saklanýan Türkmenistanyň raýatlarynyň dokumentleriniň ýokdugyna ünsi çekip, munuň deportasiýa prosesini hem kynlaşdyrýandygyny aýdýar. Gurama Türkmenistanyň häkimiýetleriniň, şol sanda Türkiýedäki diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň we türkmen Ombudsmeniniň meseläni açyk agzamaýandygyny, çözgüt teklip etmeýändigini belleýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda Türkiýedäki diplomatik wekilhanalarynyň resmileri migrantlaryň problemalaryny kommentirlemeýär we statistikany çap etmeýär.
Bu aralykda, Türkiýede gazanç üçin ýaşaýan türkmen raýatlarynyň bu ýurtda galmagyny kynlaşdyrýan esasy mesele köpçüligiň pasportlarynyň möhletiniň gutarmagydyr.
Türkmenistan öz raýatlaryna daşary ýurtlarda pasport bermeýär.
THF-iň başlygy Täjigül Begmedowa muny türkmen raýatlarynyň pasportly bolmagyna esasy päsgelçilik hasaplaýar: "Halkara hukugyna görä, türkmen ilçihanalary we konsullyklary raýatlaryň pasportlaryny daşary ýurtlardaky öz wekilhanalarynda täzelemeli."
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary raýatlaryň möhleti geçen pasportlaryny 2022-nji ýylda wagtlaýyn uzaldyp başlady. Meseläniň bu wagtlaýyn çözgüdi koronawirus pandemiýasy wagtynda öz watanyna syýahat etmek mümkinçiligini ýitiren raýatlar üçin girizilipdi we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli göz öňünde tutuldy.
Migrantlar bilen iş salyşýan türk aklawçysy Murat Erşahin bu meselede öz çözgüdini hödürleýär. Erşahin “YouTube” -da ýerleşdirilen wideosynda türkmen raýatlarynyň pasportlarynyň diňe 2024-nji ýyla çenli uzaldylýandygy belleýär we geljekki iki ýylda Türkmenistanyň raýatlarynyň pasport almakdaky problemasynyň has çylşyrymlaşjakdygyny çak edýär. Aklawçynyň pikiriçe, köpçüligiň möhletiniň gutarmagynyň öňüsyrasynda pasportlary çalyşmak üçin birden ýüzlenmegi tolgunyşyk döredip biler we pasport almagyny yza tesdirer.
"Diňe Stambulda, şu ýylyň fewral aýyna çenli möhleti uzaldylan pasportly türkmen raýatlaryň sany 116 694 adam bolup, ýakyn wagtda 120 000 ýetip biler. Mundan başga-da, Ankarada, ABŞ-da, Orsýetde, Germaniýada we dünýäniň ähli künjeklerinde möhleti gutaran biometrik pasportly Türkmenistanyň raýatlarynyň bardygyny ýatdan çykarmaly däl" - diýip, Erşahin aýtdy.
Myrat Erşahin, türkmen raýatlary üçin çykalga hökmünde, ýaşaýyş ygtyýarnamasy ýa-da iş wizasy gutarmanka, biometrik pasportynyň möhletiniň soňuna garaşman, derrew Türkmenistana gitmegi, täze pasport almak üçin ähli proseduralary geçmegi we gaýdyp gelmegi maslahat berýär. Aklawçynyň pikiriçe, şeýle eden türkmen raýatlary ýakyn ýyllarda Türkiýede kanuny ýagdaýda ýaşamaga mümkinçiligini saklap bilerler.
Bu aralykda, Türkmenistanyň içinde pasport almak isleýänleriň uly nobatlary saklanýar, käbir welaýatlarda daşary ýurt pasport üçin arzalaryň kabul edilmegi we pasportlaryň taýýarlanmagy yza süýşürilýär. Şeýle hem, pasport bermek baradaky arzalaryň onlaýn hasaba alynmagynyň togtadylandygy barada habar berildi.
Adam hukuklaryny goraýjy Täjigül Begmedowa, Türkmenistanda pasport almakdaky kynçylyklardan başga-da, türkmen raýatlaryň ýurduna dolanmagyna päsgel berýär: "Gazanç üçin ýurduň daşynda galýan raýatlaryň watanyna dolanmagy olaryň özlerini we ýakynlaryny eklenç çeşmesinden mahrum edýär. Mundan başga-da, yzyna gaýdyp baran türkmen raýatlarynyň daşary ýurt oppozisiýasy we aktiwistler bilen aragatnaşygy barada uzak wagtlap soraga çekilmegine degişli ýagdaý köp boldy. Bu hem raýatlary ýurda dolanmaga ruhlandyrmaýar ".
Begmedowa pasport bermek işini düýpli çözmek zerur diýip hasap edýär: "Daşary ýurtdaky konsullyklarda-da, ýurduň içinde-de pasport berilmeli, bu, ýurda baryp bilýän raýatlara şol ýerde, galanlara daşary ýurtlarda pasport almaga mümkinçilik döreder. "
Pasport almakda kynçylyklara garamazdan, Türkmenistandan migrasiýa akymy ýokary bolmagynda galýar. Işsizlik we korrupsiýa zerarly köpler iş gözläp ýurtdan çykmagyň ýollaryny gözleýärler. Wiza düzgüniniň girizilendigine garamazdan, Türkiýe henizem Türkmenistanyň raýatlary üçin meşhur ýurt bolmagyna galýar.
Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede jemi bir milliona golaý türkmen raýatynyň bolmagy çak edilýär. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň diňe 222, 09 müň raýaty Türkiýede kanun esasynda ýaşaýar.
Azatlyk Radiosy