Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Ankarada А.Sahatow we А.Orusowyň deportasiýa hakyndaky karary boýunça kazyýet diňlenişigi geçirildi.

Ankarada А.Sahatow we А.Orusowyň deportasiýa hakyndaky karary boýunça kazyýet diňlenişigi geçirildi.

Suratdaky — Ankaradaky Türkmenistan ilçihanasynyň binasy.

23-nji oktýabrda Ankarada Türkiýäniň Migrasiýa Gullugyna garşy Alisher Sahatow we Abdullah Orusow boýunça 26-njy administratiw kazyýetiň diňlenişigi geçirildi.

Mundan ozal habar berlişine görä, iki türkmen raýaty 24-nji iýulda agşam sagatl arynda deportasiýa merkeziniň derwezesinden çykyp, soňra gözden ýitipdir. Olaryğ şu güne çenli nirededigi näbelli.

Blogçylaryň aklawçysy Kader Sevimli ýagdaýy ji kme-jik düşündirip, türkmen blogçylarynyň işi boýunça resminamalary kazyýete tabşyrdy. Jogapkär tarapyň wekili bolan hukukçy ýagdaý barada hiç hili düşündiriş bermedi.

Kazy, türkmen blogçylarynyň işi boýunça gutarnykly kararyň 1–2 aýyň dowamynda çykarylmagyna karar berdi.

Kazyýetiň diňlenişiginde A. Sahatowyň ýoldaşy Gullala Hasanova hem gatnaşdy.

Mundan öň, 2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda G. Hasanova Ankaradaky Türkmenistanyň konsullygyna Türkmenistanyň raýatynyň Türkiýäniň çäginde ýitirim bolandygy baradaky arza bilen ýüzlendi.

я

G. Hasanowanyň Ankaradaky Türkmenistanyň konsullygyna beren arzasynyň göçürmesi.

Kazyýet diňlenişiginden soň G. Hasanova we aklawçy Kader Sevimli Ankaradaky Türkmenistanyň konsullygyna baryp, özüni Merdan diýip tanadan konsullygyň işgäri bilen duşuşyk geçirdiler.

Türkmenistandan konsullygyň iberen soragyna resmi jogap entek gelip ýetmedi. Ýöne konsullygyň wekili dilden, özlerinde A. Sahatowyň Türkmenistanda bolýandygy barada hiç hili maglumat ýokdugyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde A. Sahatowyň kakasy Jorakuly hem oglunyň ýitirim bolandygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowa, şeýle hem Daşary Işler ministrligine we Içeri işler ministrligine resmi arza bilen ýüz tutdy.

н

Jorakuly Sahatowyň Türkmenistanyň Prezidentine beren arzasynyň göçürmesi.

в

Jorakuly Sahatowyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Içeri işler ministrligine beren arzalarynyň göçürmeleri.

Şeýle hem, Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy A. Sahatowyň we A. Orusowyň zorluk bilen ýitirim bolmagy baradaky mesele boýunça BMG-niň Zorluk Bilen Ýitirim Bolan Adamlar boýunça Komitetine ýüz tutdy. Bu iş komitet tarapyndan garamaga kabul edildi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.