Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistanda azat söz barmy? ÝHHG ýygnagy. Vena.

 Türkmenistanda azat söz barmy?

Türkmenistanda söz azatlygy we metbugat azatlygy barada gürleşmek gaty kyn we bir tarapdan gaty añsat. Näme üçin? Sebäbi Türkmenistanda beÿle zat ÿok! “Serhetsiz habarçylar” we ol ÿerde gözegçilik edÿän beÿleki guramalar üçin metbugat azatlygy barada reÿtinglerde Türkmenistan sońky orunda durÿar. Duve, Harasti, Mijatowiç, Arlene Desironyñ döwründen bäri diñe şeÿle sözler eşidÿäris: “Gynanÿarys, duÿgudaşlyk bildirÿäris we ÿagdaÿyñyza düşünÿäris”.

Ünsüńüzü çekmek zadymyz şeÿle. Bularyń ählisi türkmen metbugatyna degişli, ÿöne gynansak-da bu uzak wagtyń dowamynda Türkmenistanda hiç hili özgerişiklik bolmady. ÝHHG-nyñ Türkmenistandaky bölümi žurnalistler üçin dürli seminarlar, dürli okuwlar gurnalÿar. Emma bu žurnalistleriñ hemmesi hökümet tarapdary we olar häzirki režimi goldap aç-açan wagyz edÿärler.

Häzirki wagtda kakasy we ogly Türkmenistanda häkimiÿeti doly ele aldylar. Ogly prezident we häkimiÿetiñ ÿerine ÿetirijisi boldy. Kakasy bolsa mejlisiń başlygy boIdy. Aslynda metbugatda hökümeti goldap edilÿän wagyzlaryñ ählisi, goşa dyrnak içinde hamana Türkmen halkynyñ arzuwy bolup durÿar. Gynansagam, ÝHHG-nyñ metbugat azatlygy boÿunça wekilleri Türkmenistanda bar emma edÿlän işleri asla görünmeÿär. Bagyşlań, ÿöne bu tassyklanylan hakykat. Garaşsyz türkmen žurnalistleri kän däl, adam hukuklaryny goraÿjylara we daşary ÿurtlara hasabat berÿän türkmen blogçylary we aktiwistleri öz janyna howp salÿarlar. Olary urÿarlar, gynaÿarlar, öldürÿärler.

Şol bir wagtyñ özünde Ÿewropa birleşigi we beÿleki guramalar dymmaga dowam edÿär. Diktatorlar Germaniÿa, Awstriÿa, Fransiÿa we ş.m. ýürtlara gelenlerinde kansler we prezidentler bilen duşuşyk geçirende şol ýerde diktatorlara ÿakymsyz we mańzyna batmaÿan soraglar bermek gadagan edilÿär. Biz ine şu zatlaryñ netijelerini görÿäris. Bu ýerde uruş barada gürrüň gidip dur, emma uruş 1991-nji ÿylda, Sowet Soÿuzy dargansoń, demokratiÿa we söz azatlygy söweşi başlandy we şol pursatda diktatorlar häkimiÿete geIdi. 30 ÿylyń dowamynda biz olara ynandyrÿarys we ynandyrÿarys. Tanklar düÿn penjirelerimiziñ aşagyndady. Bu gün Ukrainanyń we Belarusÿanyń penjiresiniñ aşagynda. Ertir olaryń nirede boljakdygy entek belli däl. Sebäbi, Ýuropa Bileleşiginiń käbir prezidentleri we premÿer-ministrleri ol ÿere gidip, türkmenleriń diktaturasyna buÿsanÿarlar.

Käbir Ýuropa ÿurtlarynda bu diktatorlygyń bellikleriniñ, metbugat azatlygynyñ we söz azatlygynyń gadagan edilmeginiń bellikleriniń bardygyna özüńizem gowy düşünÿärsińiz. Mende şeÿle teklip bar. Reforma barada aÿdÿan bolsak, metbugat azatlygynyń gözegçileri anyk çäreleri we anyk meseleleri işläp düzmeli we söz azatlygy ÿok ÿurtlaryñ öñünde goÿmaIy. Ÿa-da bu ÿurtlardan düÿbünden ÿüz öwürmeli, ÿa-da çagyrmaly däl we çagyryşyny kabul etmeli däl. Bu ÿerde bir türkmen wekili bardy, näme üçin ol biziň bu ÿere gelendigimizden zeÿrendi? Biziñ bu ÿere gelmegimiziñ netijesinde Türkmenistanda garyndaşlarymyz yzarlanÿar.

Annadurdy Hajiýev.

Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy bilen baglanyşykly açyk hat.
Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň...
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.
Azatlyk Radiosy: „Azatlygyň Türkmenistandaky öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy“
Azatlyk Radiosy: „Azatlygyň Türkmenistandaky öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy“