Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

TÜRKIÝE DÖWLETINDE TÜRKMEN RAÝATLARYNA EDILÝÄN BASYŞLAR BES EDILMELIDIR.

 TÜRKIÝE DÖWLETINDE TÜRKMEN RAÝATLARYNA EDILÝÄN BASYŞLAR BES EDILMELIDIR.

OLARYŇ HAKLARY WE ERKINLIGI PUGTA GORALMALYDYR.

Döwlete degişli bolmadyk garaşsyz guramalaryň arazalary:

- Biz döwlete degişli bolmadyk garaşsyz guramalaryň arazalary bolmak bilen, Türkiýe döwletinde ýaşaýan türkmen raýatlarynyň ýagdaýlarynyň kynlaşýandygyna gynanýarys we duýgudaşlygymyzy bildirýäris. Esasan hem türkmen hökümetiniň kemçiliklerini aýdyp bilýän raýatlar bizi hasda alada goýýar. Soňky hepdelerde türkmen hökümetiniň Türkiýäniň hukuk goraýjy edaralaryna ýüzlenmegi netijesinde , hwzirki wagtda olaryň aglabasy howp astynda bolup dur. Biz turkmen hökümetinden basyşlaryň bes edilmegini talap edýäris, şeýle hem Türkiýe hökümetine halkara ylalaşyklara sarpa goýup, ol ýerde görkezilen kadalary berjaý etmek bilen, Türkmenistanly raýatlaryň Türkiýe döwletiniň çäklerinde erkin hereket etmegini we olaryň goragyny üpjün etmekligine çagyrýarys. Şeýle hem biz halkara guramalaryna bolup geçýän hadysalara üns berip, dogry çözgütleri çykaryp, goldaw kömegini etmegiňizi isleýäris.

Türkmenistanyň raýatlary üçin wizasyz syýahat edip biläýjek köp bolmadyk döwletleriň biride Türkiýedir . Tükiýä çykan Türkmenistanly raýatlar ol ýerde uzak wagtlap galyp, çäkli möhletli ýaşaýyş rugsatnamasyny alyp, her ýylyň dowamynda möhletini uzaldyp bilýärler . Iki milletiň arasyndaky medeniýetiň, diliň we däp-dessurlaryň gaty ýakyn bolmagy, Türkmenistanlylar üçin okamana, işlemäne ýeňilçilikler döredýär . Käbir maglumatlara görä häzirki wagtda Türkiýe döwletinde milliondan gowrak Türkmenistanly bar diýlip çak edilýär. Olar talyplar, zähmet migrantlary we olaryň maşgalalarydyr.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistana degişli bolan, daşary ýurtdaky konsullygy tarapyndan, kanunda görkezilendigine garamazdan, türkmen raýatlarynyň möhleti dolan biometrik pasportlaryny täzeläp bermeýärler. Raýatlar täze pasport edinmek üçin hökmany suratda Türkmenistana dönüp barmaly bolýarlar. Netijede daşary ýurtdaky türkmen raýatlarynyň aglaba bölegi bikanun ýagdaýda galanyny görýäris. Şol bir sanda Türkiýedäki türkmen raýatlary şeýle ýagdaýda. Soňki bir ýarym ýylyň dünýä ýüzüne ýaýran Kowid-19 pandemiýasy ýagdaýy hasda kynlaşdyrdy. Pandemiýa bilen bagly girizilen pugta gözegçiliklerdir, talaplar ýurda dolanyp barmak isleýänleriň sanynyň artmagyna getirdi. Ummasyz mukdarda elinde möhleti geçen pasportlary bar bolan Türkmenistanlylar okamak, işlemek, erkin hereket etmek, medisina hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiliginden mahrum boldular. Şeýle hem nikadan geçmek, täze doglan çaga resminama almak we şuňa meňzeş beýleki ýagdaýlarda kynçylyga duçar boldylar. Bu oňaýsyz ýagdaýlar halk köpçüliginiň içinde aktiwizm öýjüklerini oýandyryp, konsullyk edaralaryndan görkezilen kanuny berjaý edip, möhleti dolan biometrik pasportlaryň täzelenmegini talap edip başladylar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň hökümetinden ýurtda Kowid-19 ýokanç keseliniň bardygyny boýun alyp, degişli çäreleriň görülmegini talap etdiler. Ýurtda dörän ykdysady krizisden çykmak üçin möhüm işleriň amala aşyrylmaýandygyny , konstitusiýanyň kepil geçýän, halkyň söz azatlygyndan peýdalanmagynyň ýerine, dürli ýollar bilen basyş edilip, özge pikirli adamlary dymdyrmak metodlary, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan barha güýjäp başlady. Türkmen hökümetinden nägile adamlar ellerine plakat alyp, köçä çykmana başladylar. Internet ulgamynda öz çekýän jebrini, hökümetiň kemçiliklerini sesli we ýazuw üsti bilen paýlaşmana başladylar. Ynsan haklaryny goraýan guramalaryň we Türkmenistanly raýatlaryň türkmen hökümetine, möhleti dolan biometrik pasportlaryň täzelenmegini talap edip, edilen çagyryşlar birnäçe gezek resmi ýagdaýda hasaba alyndy.

Türk hökümetiniň ynsanperwer garaýşly bolmagy netijesinde uzak wagtlap Türkmenistanly raýatlaryň düşen ýagdaýyna duýgudaşlyk bildirip, bikanun ýagdaýda galan adamlara jeza bermekden el çekdiler. Wagtyň geçmegi bilen ýagdaý üýtgedi. 12 - nji noýabrda Stambul şäherinde geçiriljek türki dilli döwletleriň baştutanlarynyň ýygnagy zerarly, türkmen aktiwistleriniň tussag edilmegine getirdi.Olary deportasiýa lagerine ýerleşdirip, haýal etmän deportasiýa ediljegi barada howply habarlar ýaýradyldyldy. Ekspertleriň çak etmeklerine görä, türk hökümeti Türkmenistanyň hem türki dilli döwletleriň toparyna goşulmagyna ündew edýär. Türkiýede syýasy durnuklylygyň üýtgemegi bilen, ol ýerde hereket edýän türkmen aktiwistleri üçin gynandyryjy ýagdaýa getirdi. Daşary ýurtda , hususanda Türkiýede hereket edýän aktiwizmi ýatyrmak maksady bilen, türkmen hökümetiniň türk hökümetine eden ýüzlenmeleridir , haýyşlary dykgat çekdi.

Türkmenistan häkimiýetleriniň ýyllar boýy özlerini tankyt edýänlere rehimsiz repressiýalaryny göz öňünde tutup, watanyna dolanmaga mejbur edip, raýat aktiwistleri esassyz tussag etmek, gynamak we hatda türmede ýitirim etmekden hem çekinmeýärler.

Häzirki wagtda emele gelen pajygaly ýagdaýy soňky birnäçe mysallae bilen görkezip bolar. Ýakynlarynyň howpsuzlygyndan gorkup, her kim öz ýagdaýyny köpçülige ýetirmek islemeýänligi sebäpli sanawy doly däl diýip bileris. Türkmenistanyň häkimiýetleri Türkiýedäki aktiwistleriň maşgala agzalaryna basyş edip gelýärler.

Türkmen migrantlary tussag edilende, olaryň deportasiýa edilmegi haýyşy bilen, Türkmen konsullygy tarapyndan gowşurylan 25 adamyň sanawynyň bardygyna salgylanýarlar. Aktiwistleriň özleride, olaryň haklaryny goraýan türk aklawçylaryda türk polisiýasyndan ady agzalýan “25 aktiwistiň sanawyny” berilmegini we tussag edilmegiň sebäpleri barada düşündiriş alyp bilmediler. Türkmen hukuk goraýjylarynyň elinde türkmen konsullygy tarapyndan türk polisiýasyna iberilen 13 aktiwistiň sanawy bar.

Türkmen aktiwistleriniň we halkara adam hukuklaryny goraýjylaryň aýdanlaryna garamazdan, türk häkimiýetleri Türkmenistanyň konsullyk işgärleriniň tarapynda durmagyny dowam edip gelýärýärler. Türkmen konsullygy öz gezeginde, öz watandaşlaryna garşy esasy bolmadyk şikaýatlary ýasamak bilen meşgullanýar, bu esasda türk polisiýasy türkmen migrantlaryny esassyz we bikanun tussag edýär we deportasiýa bilen haýbat atýar.

Mundan başga-da, iň çynlakaý meseleleriň biride, Türkiýe döwletinde Berdimuhamedow hökümetiniň tarapdarlary bolan, olaryň alyp barýan syýasatyny goldaýan Türkmen raýatlarynyň Türkiýedäki raýat aktiwistlerine yzygiderli hüjüm edýändikleri we olaryň garyndaşlaryna zorluk bilen haýbat atýandyklary barada köp sanly maglumatlar bar. Aktiwistleriň Türkiýäniň hukuk goraýjy edaralaryna we kazyýet edaralaryna eden şikaýatlary netijeli derňewlere we jogapkärleriň jezalandyrylmagyna getirmedi, günäkärleriň jezasyz galmagy täze hüjümlere badalga berýär. **

Türkiýedäki türkmen häkimiýetleriniň tarapdarlarynyň kanuny esasda nägileligini görkezýän raýat aktiwistlere garşy ençeme gezek haýbat atýandyklaryny, yzarlamalary gurnaýandygyny we iň aktiw ýaşlary telefon we internet arkaly yzygiderli gorkuzýandygyny görkezýän subutnamalar bar. Aktiwistlere we garyndaşlaryna Türkiýede we Türkmenistanda janyna kast etmek ýaly çynlakaý haýbat atýarlar. Aktiwistler türk polisiýasy bilen ençeme gezek habarlaşyp, howplaryň ekran suratlaryny görkezdiler we düzgün bozanlaryň atlaryny görkezdiler, ýöne Türkiýe döwletiniň polisiýasy hiç hili çäre görmedi.

Bu hüjümler we howplar Türkiýedäki türkmen aktiwistlerini nyşana almagynyň aç-açan mysallarydyr. Türk hukuk goraýjy guramalarynyň bu jenaýat işleri bilen baglanyşykly hereketsizligi türk we halkara kanunlaryna ters gelýär. Biz türk häkimiýetlerini çagyryş edýäris:

- deportasiýa merkezlerinde saklanýan türkmen raýat aktiwistlerini Türkmenistana deportasiýa etmekden el çekip, aklawçylara öz işlerini alyp barmana ygtyýar bermegi, tutulan aktiwistleri gysga wagtyň içinde boşatmak we Türkiýedäki statuslaryny kadalaşdyrmak üçin proseduralary dowam etdirmek üçin mümkinçilikleri döretmek! ;

- Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine garşy edilen hüjümler we haýbat atmalar barada derrew geçirip we şu ugurda jogapkärleri jogapkärçilige çekiň.

Türkiýe geosyýasy bähbitleri durmuşa geçirmek üçin türkmen aktiwistlerine basyş etmez we türkmen häkimiýetleriniň haýyşy boýunça kanun bozujylary gizlemez diýip umyt edýäris. Türk häkimiýetleri halkara borçnamalaryna boýun egip, adamlary gynamak we ýowuz daraşmak howpy abanýan ýurtlara ibermegi gadagan edýän esasy talaplary berjaý etmeli. Türkiýe öz çägindäki adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaly we yzarlamalardan goramaga borçludyr. Öz maksadyny amala aşyrmak üçin ýüzlenmeler esasynda adam hukuklarynyň gödek bozulmagyna goşulmaly däldir.

Biz Türkiýäniň hökümetara guramalaryny we halkara hyzmatdaşlaryny bu ýiti ýagdaýa üns bermäge çagyrýarys we Türkiýe hökümetini halkara hukuk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, häzirki wagtda tussaglykda saklanýan türkmen raýat aktiwistleriniň Türkmenistana deportasiýa edilmeginiň öňüni almana çagyrýarys.

1. Annadurdy Hajyýew, Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy (Bolgariýa)

2. Farid Tuhbatullin, Adam hukuklary boýunça türkmen insiatiwasy (Awstriýa)

3. Ýuriý Jibladze, Demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüş merkezi (Rossiýa)

4. Adem Cevik, Adalat platformasy (Türkiye)

5. Wýaçeslaw Mamedow, Türkmenistanyň Demokratik raýat birleşigi (Niderlandiýa)

6. Ruslan Mýatiýew, Türkmen.news (Niderlandiýa)

7. Timur Misrihanow, Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar birleşigi (Niderlandiýa)

8. Keýt Uotters , Crude Accountability . (ABŞ)

9. Iwar Dale, Norwegiýanyň Helsinki komiteti (Norwegiýa)

10. Olga Zaharowa, Freedom Files (Polşa)

11. Krassimir Kanew, Bolgar Helsinki komiteti (Bolgariýa)

12. Walentin Gefter, Rossiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky raýat jemgyýetini we adam hukuklaryny ösdürmek geňeşiniň bilermeni

13. Reýçel Denber, Human Rights Watch (Halkara)

14.Aleksandr Çerkasow Adam hukuklary merkezi “Memorial” (Rossiýa)

15. Gerald Staberok, OMCT (Gynamalara garşy Bütindünýä guramasy) (Halkara)

16. Swetlana Gannuşkina raýatlara kömek komiteti (Rossiýa)

17. Oleksandra Matwiçuk, Raýat azatlyklary merkezi (Ukraina)

18. Artur Sakuns, Helsinki raýatlar ýygnagynyň Wanadzor ofisi (Ermenistan)

19. Tolekan Ysmaýylowa, Adam hukuklary hereketi “Bir Duýno - Gyrgyzystan” (Gyrgyzystan)

20. Lenur Kerimow, Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy (Polşa)

21. Natalýa Taubina, "Jemgyýetçilik hökümi" gaznasy, (Rossiýa)

22. Ýewgeniý Žowtis, Gazagystanyň Adam hukuklary we hukuk dolandyryş halkara býurosy (Gazagystan)

23. Eldar Zeýnalow, Azerbaýjanyň Adam hukuklary merkezi (Azerbaýjan)

24. Anara Ibraýewa, "Kadir-Kasiýet" jemgyýetçilik guramasy (Gazagystan)

25. Ýelena Şahowa, "Raýat gözegçiligi" jemgyýetçilik guramasy, Sankt-Peterburg (Rossiýa)

26. Uça Nanuaşwili, Adam Hukuklary Merkezi (Gruziýa)

27. Wadim Piwowarow, UMDPL birleşigi (Ukraina)

28. Aleks Postika, Promo LEX (Moldowa)

29. Georgi Marjanişwili, Gatnaşyk we ösüş merkezi (Gruziýa)

30. Andres Býurner, Şwesiýanyň OSCEHHG tory (Şwesiýa)

31. Sabuhi Gafarow, Adam Hukuklary Kluby (Azerbaýjan)

32. Matthias Uý, humanrights.ch (Şweýsariýa)

33. Metýu Şaf, “Freedom Now” (ABŞ)

Goşmaça maglumat: Annadurdy Hajyýew, Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy,

tkmprotect@gmail.com

Farid Tuhbatullin, Adam Hukuklary üçin Türkmen Başlangyjy turkmen.initiative@gmail.com

………………………… Türkiýedäki türkmen aktiwistlerini yzarlamalarynyň mysallary

Şol bir edaranyň degişli resminama bilen üpjün etmegine seretmezden, 27-nji sentýabrda raýat aktiwisti Dursoltan Taganowa migrasiýa gullugyndan Türkiýede galmagyny kanunlaşdyrýan wagtlaýyn gaçybatalga statusy barada hamana maglumatyň ýoklugy sebäpli tussag edilip, deportasiýa merkezine ýerleşdirildi. Diňe 12-nji oktýabrda, adam hukuklaryny goraýjylaryň ýüz tutmalary we aklawçynyň gatnaşmagy netijesinde, Taganowa "düşünişmezlige" salgylanyp, boşadyldy. Oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda ol ýene-de migrasiýa gullugyna çagyryldy we watanyna ugradylmazlygyny kepillendirýän gaçybatalga arzasyny yzyna aldyrmak üçin yrmaga synanyşdylar.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynda aktiwist Aziz Mammadow şaýatlaryň gatnaşmagynda pasportyny täzelemek üçin konsullyga tabşyrdy. Şondan soň üç gezek konsullyga gitdi, ýöne diplomatlar resminamalar ýitdi bahanasy bilen, yzyna gaýtarmadylar. Konsullyga girmäne aklawçylara rugsat berilmeýär. Mundan başga-da, her gezek konsullykda bir aktiwist peýda bolanda, diplomatlar polisiýa jaň edýärler.

18-nji oktýabrda 47 ýaşly Ahmed Rahmanow ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny uzaltmak üçin Antalýadaky migrasiýa gullugyna gideninden soň deportasiýa merkezine iberildi. Rahmanow, "Türkmenistanyň Demokratik Saýlawy" oppozisiýa hereketiniň adminstratory, YouTube we Tik-tok kanallarynda türkmen režimini tankytlap, birnäçe gezek çykyş etdi we Azatlyk radiosynyň türkmen gullugyna teswir berdi. Ol Tuzla deportasiýa merkezinde saklandy we 22-nji oktýabrda açlyk yglan etdi.

Polisiýa 18-nji oktýabrda Stambuldaky kwartirasyndan 35 ýaşly Kamil Abulowy alyp gitdi. Polisiýa tussag edileniň aýalyna Türkmenistan konsullygy tarapyndan tussag edilmegini haýyş eden 25 adamyň sanawynyň bardygyny aýtdy. Abulow Tuzla deportasiýa merkezine ýerleşdirildi. Ol 1-nji awgustda Stambuldaky Türkmenistan konsullygynyň daşynda ýöriş geçirip bilmän, türk polisiýasy tarapyndan tussag edilen türkmen aktiwistleriniň biri hökmünde tanalýar. 26-njy we 27-nji oktýabrda HRW-den edilen şikaýatdan we aklawçynyň gatyşmagyndan soň ikisi-de boşadyldy.

20-nji oktýabrda polisiýa işgärleri tussag etmek maksady bilen hasaba alnan ýerinde Merdan Badrow we başgada ýene üç aktiwistiň öýüne bardylar. Şol wagt öýde hiç kim ýok ekeni.

22-nji oktýabrda Baýram Allaleýew hemişelik ýaşamak üçin ýüz tutmak üçin çagyrylan migrasiýa gullugyna baran wagty tussag edildi. Ol resminamalary doldurýarka, polisiýa gelip, ony tussag etdi. 1-nji noýabrda Allalyýew Pendik deportasiýa merkezinden boşadyldy.

1-nji awgustda, Türkmen konsullygynyň işgärleriniň gatnaşmagynda näbelli adamlar konsullyk binasynyň öňünde birnäçe aktiwisti ýençdiler. Urlan adamlardan ikisi lukmançylyk kömegini almaga mejbur boldy. Hüjümçiler ýenjilen aktiwist Aziz Mammadowdan alnan telefony yzyna gaýtarmak baradaky talaplara jogap berensoň, hüjümçileriň konsullyk işgärleri bilen baglanyşyklydygy barada şübheli şübheler bar. Heläk bolanlar wideo kameralar arkaly alnan ýazgylary görenlerinde hüjüm edenleri tanadylar. Mundan başga-da, aktiwist Farhad Durdyýew adam hukuklaryny goraýjylara gürrüň bermegine görä konsullyk binasynyň içine salyp, şol ýerde ýenjilendigini aýtdy. Bu hüjümler babatynda aktiwistler aklawçylar bilen hyzmatdaşlyk edip, meseläniň kanuny ýagdaýda çözülmegini isleýärler.

11-nji oktýabrda, Stambuldaky Oguz Medeniýet, Hyzmatdaşlyk we Bilim Jemgyýetiniň ofisiniň golaýynda näbelli adamlar iki aktiwiste we bir myhmana hüjüm etdiler. Bu waka aktiwistler Iňlis žurnalistine interwýu bereninden soň boldy. Hüjümiň netijesinde Nurmuhamet Annaýewe degişli bolan sumka zor bilen alyndy. Sumkanyň içinderesminamalardyr telefon bardy. Şol hüjümde aktiwist Aziz Mammadowyň ýüzüne güýçli zarba uruldy. Lukmanlar pidalara zerur kömek berdiler. Aktiwistler hüjümçileriň biriniň 1-nji awgustda Stambulda türkmen aktiwistleriniň ýenjilmegine gatnaşan adama meňzeýändigini aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, bu gezek elinde “ele geýme metalyň bardygyny belleýärler”. Aktiwistler bu hüjümi N.Anaýewiň 14-15-nji oktýabrda Warşawada geçiriljek Ýewropa Bileleşiginiň konferensiýasyna, türkmen režimini tankyt etjek sapary bilen baglanyşdyrýar.

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.