ÝHHG / DGAHB
Demokratik guramalar we adam hukuklary býurosy (ÝHHG / DGAHB) tarapyndan gurnalýan ÝHHG-nyň adam ölçeglerini durmuşa geçirmek boýunça ýyllyk ýygnagy 11-nji sentýabrdan 22-nji sentýabr aralygynda Warşawada geçirilýär.
Duşuşygyň başlamagynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adam hukuklary guramalary ÝHHG / DGAHB-e bilelikdäki beýannamany iberdi, beýleki zatlar bilen bir hatarda bu ýurtlaryň hökümetlerine teklipleri hem goşdy.
Resminamanyň taýýarlanmagyna aşakdaky guramalar gatnaşdy:
- Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy (Belgiýa); - Gazagystan Adam Hukuklary we Hukuk Dolandyryş Halkara Býurosy; - “Hukuk gülläp ösmegi” jemgyýetçilik gaznasy (Gyrgyzystan); - “Nota Bene” jemgyýetçilik gaznasy, Adam hukuklaryny goramak boýunça garaşsyz merkez we Pamir aklawçylar birleşigi (Täjigistan); - “Adam hukuklary üçin türkmen başlangyjy” (Awstriýada ýerleşýär); - “Merkezi Aziýada adam hukuklary” birleşigi (Özbegistan, Fransiýada ýerleşýär).
Ynsan hukuklaryny goraýjylar, ýygnaga gatnaşyjylaryň ünsüni Merkezi Aziýada raýat jemgyýeti üçin işleriň giňişliginiň henizem çäklidigine we ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň dowam edýändigine çekýär. Hususan-da, ähli ýurtlarda rejimi tankytlaýanlary yzarlamak delilleri bar, olar Gazagystanda EXPO we Türkmenistanda Aziýa oýunlary ýaly “ýokary derejeli” halkara çäreleri taýýarlamak we geçirmek wagtynda hasam güýçlendi.
Özbegistanyň täze prezidentiniň özünden öňki repressiw amallary bes etmek üçin käbir ädimleri ädendigi, ýöne adam hukuklary ulgamynda yzygiderli reforma geçirip başlamandygy bellendi. Gyrgyzystanda 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda söz azatlygy we raýat jemgyýeti çynlakaý hüjüme sezewar edildi. Täjigistanda häkimiýetler “milli howpsuzlygy we durnuklylygy goramak üçin” esasy hukuklary çäklendirmegi dowam etdirýärler.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, bu ýagdaý tutuş sebitde bolýar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetlerini pikir, ýygnanyşmak we birleşmek azatlyklarynyň parahatçylykly durmuşa geçirilmegine howp hökmünde garamagy bes etmäge çagyrýar.
Aşgabatda Aziýa oýunlary 2017-ä taýýarlyk bilen baglanyşykly, Merkezi Aziýanyň adam hukuklary guramalary metbugata edilýän basyşyň, internete girmegiň çäklendirilmeginiň, sosial ulgamlary ulanýan raýatlaryň yzarlanmagynyň we hususy hemra çanaklarynyň mejbury sökülmeginiň, “Azatlyk” radiosynyň işgärlerine, şeýle hem bu radiony diňleýän we habarçylaryna teswir berýän raýatlara azar bermek we gorkuzmak ýaly ep-esli ýaramazlaşan Türkmenistandaky ýagdaýa degip geçdiler.
Türkmenistan hökümetine berlen tekliplerde bu düzgün bozmalary duruzmak, garaşsyz žurnalistleri we raýat jemgyýetiniň beýleki wekillerini yzarlamak bilen baglanyşykly ähli derňewleri geçirmek we jogapkärleri jogapkärçilige çekmek, şeýle hem, hünär işlerini amala aşyrmak ýa-da Türkmenistanyň konstitusiýasynda we kanunlarynda we halkara adam hukuklary konwensiýalarynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklary durmuşa geçirmek mümkinçiliginden zor bilen mahrum edilenleriň hemmesini boşatmak talaplar bar.
Gundogar.org