Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

"Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habar" ýalan bolup çykdy.

Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habar  ýalan bolup çykdy.

Türkmenistanyň habar beriş agentligi Birleşen milletler guramasyndan gelen hoş habary dürli habar beriş serişdelerinde paýlaşdylar. Birleşen milletler guramasynyň ugradan habarynda "enäni we çagany goramak" sejeriş statikasy boyunça Türkmenistan dünýä dwletleriniň içinde ýokary orunda durandygyny habar berýär. Şeýlelikde Birleşen milletler guramasynyň geçen ýylky çap eden statistikasynda Türkmenistanda çaga dogrum mahalynda eneleriň köp mukdarda ölýändigi barada, şeýle hem gündogar Ýewropa we merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde has yzky orunlary eýeleýändigi barada maglumatda aýdylýar.

"Hoş habar" dessine ýerli habar beriş serişdeleri tarapyndan dabaraly ýaýradyldy. Türkmen Döwlet Habarlary gullugynyň maglumatyna salgylanyp, daşary ýurtlaryň habar beriş gulluklary hem, GDA döwletleriniň habar beriş gulluklary tarapyndan habar ýaýradyldy.

TDH gullugy bu maglumatlary çap etmek bilen, nirä salgylanýandygyny, has dogrusy gözbaşy niredeligini görkezmeýär. ömrüň dowamlylygynyň soňky tendensiýalaryny, saglyk pudagynyň ösüşleri baradaky hasabatlary we esasy statistiki maglumatlary jemleýän Bütindünýä saglyk statistikasynyň iň soňky sany bolmagy ähtimal.

Şeýlelik bilen, 2018-nji ýyldaky "Bütindünýä saglyk statistikasy-2020" görä, Türkmenistanda täze doglan çagalaryň arasynda ölüm derejesi Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň we Merkezi Aziýanyň sebitlerinde görkezijisi iň ýokary bolup, her 1000 sany doglan çagadan 21 kesel dogulýar. Şeýle hem, 1000 dogulan çagadan 46 sanysy 5 ýaşa çenli çagalar Türkmenistanda ölýündigi hakynda ykrar edildi. Afrikanyň Zimbabwe döwletinde hem şuňa meňzeş sanlar bar. Enäniň ölüm derejesi barada aýdylanda bolsa, 2017-nji ýyldaky maglumatlara görä hakykatdanam pes we 7-e deňdir. Şeýle-de bolsa, “Gündogar Ýewropa döwletlerinde we Merkezi Aziýa sebitinde iň pes görkezijilere eýe ” diýip bolmaz. Angliýa, Sloweniýa, Germaniýa we Demirgazyk Makedoniýa ýaly döwletler hem şeýle görkezijiligi bilen tanalýar. Sebitdäki 51 ýurtdan 22 ýurtda iň pes görkezijisi bolan Belarus, Polşa, Norwegiýa we Italiýa ýaly döwletlerde enäniň ölüm sany 7 -den aşakda bolup durýar. Ene ölüminiň 10 -dan ýokary görkezijisi bolan 51 döwletden 14 sanysy bar. Iň ýokary oruny Gyrgyzystan eýeleýär. Ene ölüminiň sany 60-dan geçýär.

2015-nji ýyldaky sanlary görkezýän Bütindünýä saglyk statistikasyna salgylansak 2019-njy ýylyň neşirine görä, Türkmenistanda enäniň ölüm derejesi 42-den ýokary bolup, Gyrgyzystandan soň ikinji orunda durýar we takmynan Malaýziýada we Mongoliýada eneleriň ölüm derejesi bilen laýyk gelýär.

“Türkmenistanyň bary-ýogy iki ýylyň içinde [2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli] saglygy goraýyş ulgamynyň umumy pese gaçmagyny göz öňünde tutsak enäniň ölümini ep-esli derejede 6 esse azaltmagy başardy diýen maglumatyň nätakyklygy elbetde şübhe döredýär. Çaga ölüminiň betbagtçylykly sanlaryny göz öňünde tutup, “Türkmenistan enäniň we çaganyň saglygy pudagy boýunça dünýäniň iň gowy ýurtlarynyň biridir” diýen söz diňe bir ýalan bolmak bilen çäklenmän, ýokary derejede galplygy subut edýär. Çap edilen hasabat hakynda pikirini paýlaşan TDH analitigi Nurgözel Baýramowa.

www.gundogar.org

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar