Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Halkdan bu habarlary gizleýärler.

 Halkdan bu habarlary gizleýärler.

Maglumat hukugynyň ýerine köşk dildüwşikleri.

“Häzir ýurdumyzda Covid-19, ýa resmileriň atlandyrylyşy ýaly “öýken çişmesi” gaty güýçlenipdir”, - diýp ýerli çeşmämiz belleýär. - Şu günler şol keselden günde 50 adamyň ölýändigi gizlin derejede resmi hasaba alynýar.

Öňräk Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda günde (ölýänleriň sany) 100 adamdan geçýär diýip berdi, men bu maglumaty aşa çişirme hasaplaýaryn. Şeýlelik bilen, 24-nji awgustda Aşgabatda 13 adam öldi. Bu iň ýokary görkeziji hasaplanýar.

Hakykat ýüzinde, şu günler paýtagtda günde 10 töweregi adam ölýär. Keseliň merkezi Aşgabat we onuň daş-töweregi, Mary we Lebap welaýaty hasaplanýar. Aşgabatdan 10 km uzaklykda ýerleşýän Magtymguly obasynda Covid-19-dan dört adam öldi, hemmesi 40 ýaşa çenli.

“Häzirki wagtda koronawirus ýokaşanlaryň 60% -ti 20-40 ýaş aralygyndaky adamlar. Has dogrusy köplenç beýlekiler bilen aragatnaşyk saklaýan işleýän adamlar“.

Çeşmäniň habaryna görä, Saglygy saklaýyş ministriniň öňki orunbasary, sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň başlygy Arslangylyç Gylyjow 24-nji awgustda geçirilen ýygnakda Saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesowa : "Covid-19 gözegçilikden çykdy, Arkadaga aýdyp, boýun alnyp, anyk çäre görülmese, gaty agyr netije bolar” - diýipdir.

A.Gylyjowyň pikiriçe, keseliň köpelmeginiň sebäbi Hindistandan gelip, Covid-19 howp salýan görnüşi bolan Deltany ýaýradýan raýatlardyr.

Aýdylyşyna görä, Saglyk ministri öz orunbasarynyň pikiri bilen razylaşanmyş. Ýöne bu barada habar prezidente bermekden ýüz öwrenmiş.

Şeýle-de bolsa, bu barada aç-açan aýdylmasa-da, 25-nji awgustda geçirilen hökümet ýygnagynda, Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreş barada Adatdan daşary toparynyň işleri ara alnyp maslahatlaşylan üýtgetmeleriň köpüsi, wirusyň ýaýramagynyň sebäbi boldy.

Ylym- bilim, saglygy goraýyş we sport ministriniň orunbasary Mammetmyrat Geldinýazow işindäki düýpli kemçilikler sebäpli işinden aýryldy. Hökümet ýygnagynda A.Gylyjow gorkaklykda aýyplanandan soňra korrupsiýada aýyplanyp, derňew astyndadyr.

Migrasiýa gullugynyň öňki başlygy Bekmurad Öwezow Hindistandan gelen näsaglardan para almakda aýyplanýar.

Ýurtda bu barada resmi taýdan aýdylmaýar.

“ABŞ-da we Ýewropada sanjymdan soň ölümler bar. Bizde de şeýle ýagdaýlar bar. Prezident köşgünde wirusyň gözegçilikden çykyp, ýokary wezipeli adamlara we tutuş maşgalalara täsir edip biljekdigine düşünýär. Şonuň üçin tutuş ilata sanjym edilmeli diýen karara gelindi. Aslynda, sanjym ýürek keselinden ejir çekenlere, bagyr, içki organlary, rak, şeker keselli adamlara edilmeli däl. Emma şeýle hroniki keselli ençeme adamlara sanjym edilendigi barada habarlar bar. Sanjymdan soň ölenleriň bolandygy hakykat. Ýöne bu köpçülikleýin hadysa däl. "- diýp ýagdaýlardan habarly Türkmenistandaky çeşmämiz Türkmen Helsinki Fondyna habar berdi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar