Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Nyýazgylyç Nurglyjow hakynda.

 Nyýazgylyç Nurglyjow hakynda.

Türkmenistanyň Belgiýadaky öňki ilçisi Nyýazgylyç Nurglyjow şu wagt Aşgabatda. Ol 2004-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen "işdäki göýberen düýpli kemçilikler üçin" ilçi wezipesinden boşadyldy, diplomatik derejesinden we döwlet baýraklarynyň hemmesinden mahrum edildi.

2004-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda, Türkmenistana gaýdyp geleninden soň, öňki Komunistik partiýanyň Merkezi komitetiniň binalarynyň birinde prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň agzalarynyň özi bilen "öňüni almak maksady bilen çynlakaý söhbetdeşlik" edendigi barada maglumatlar bar.

Käbir maglumatlara görä N.Nurglyjowa ne öý tussaglygy, ne-de beýleki repressiw çäreler ulanylmady. THF synçylary öňki ilçiniň Aşgabadyň dürli jemgyýetçilik ýerlerinde arkaýyn aýlanýandygyny birnäçe gezek gördüler.

Şeýle-de bolsa, Daşary işler ministrliginiň çeşmesine görä, N.Nurglyjow öňki nomenklatura işgäri hökmünde ýurtdan çykmak hukugyndan mahrum edilipdi we ady daşary ýurda gitmek üçin çäklendirilen adamlaryň “gara sanawyna” girizilipdi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.