Adam hukuklarynyň alhliumumy Jarnamasynda "Her bir adam islendik ýurduny terk etmäge, we öz ýurduna dolanmaga hukugy bardyr" diýip bellenilýär. Bu dogrudan hem şeýlemi, geliň, Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň mysalynda öwrenmäge synanyşalyň.
Türkiýe tarapyndan türkmen raýatlary üçin wiza rejimi girizileninden bäri, "Ankara näme üçin Aşgabat tarapyndan gurnalan oýuny oýnaýar diýen" sorag henizem esasy ünsi çekýän soraglaryň biri bolup durýar. Bu ädimiň 2022-nji ýylyň güýzünde Warşawada geçirilen ÝHHG-DGAHB ýygnagynda bu edilen ädim raýatlarymyzy kemsidýändigini barada açyk subutnamadyr diýdim. Mundan başga-da, “Türkmenlere Türkiýe üçin wiza düzgüniniň girizilmegi täze kynçylyklar döretdi”-diýipTHF sahypamyzda hem habar berdik.
Şübhesiz, türkmenleriň kemsidilýändigi iş ýüzünde mese malim görünýär. Sebäbi goňşy türki dilli ýurtlaryňraýatlarynyň şertleri bilen deňeşdireniňde (Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan), raýatlaryň 30 - günden 90 güne çenli wizasyz Türkiýe döwletiniň çäginde bolmana hukugy bar. Türkmenleriň hem şuňa meňzeş hukugy bardy we ol ýerde 90 güne çenli galyp bilýärdiler. Emma geçen ýyldan bäri Aşgabadyň islegi we talaby bilen Türkiýe döwleti wiza düzgünini girizdi.
Geliň, bu kararyň nähili durmuşa geçirilýändigine has içgin seredeliň. Bu hadysalara syn edýän insaýderiň pikirine görä, häzirki wagtda Gateway International Wiza Merkezi wiza üçin ýüz tutan her 10 adamdan takmynan birine wiza berýär. Wiza bir ýyllyk möhletli diýlip atlandyrylsa hem, aslynda wizany alan raýat 1 ýylyň içinde islegine görä Türkiýä döwletine 15 ýada 30 günlik baryp biler. Wiza üçin resminamalaryny tabşyrandan soň wiza berilmedik ýagdaýynda raýata hiç hili ýagdaýda sebäpleri düşündirilmeýär. Wiza almaklykdaky dörän kynçylyklardan peýdalanyp dürli hilli hilegärler peýda boldy.Wiza meselesinde ähli kynçylyklary çözýändigi barada özlerini mahabatlandyryp, netijede kyn günde galan raýatlary çürkeýärler. Köplenç öňünden töledip ýa-da doly mukdarda töleg alanlaryndan soň aldawçylar ýitirim bolýarlar.
Türkmenistanyň ýaşaýjylary migrasiýa işgärlerinden we Gateway International Wiza Arza Merkeziniň araçylaryndan aşa köp çykdajylardan we talanmakdan zeýrenýärler. Ýakynda Türkmenistandan giden bir adam “ýurtdan çykmak üçin 2000 ABŞ dollardan gowrak pul sarp etdim. Mundan başga-da, eýýäm howa menzilinde uçuşa münmäge esassyz we düýbünden rugsat berilmän biler”. Birnäçe adam ondan soň dürli bölümleriň işgärleriniň özleriniň ýanyna gelip, belli bir para garşylygy uçara münmegine kömek etmegi teklip edendigini aýtdy. Mundan başga-da, nämüçindir paranyň mukdary ýolagçynyň ýaşyna baglydyr.
Aşgabatdaky Gateway International wiza merkezi hakykatdanam wiza bermek möhletini azaltdymy? Web sahypasynda bu barada maglumat ýok. Dogry, oktýabr aýy bilen deňeşdirilende wizalaryň bahasynyň 2-3 esse ýokarlanandygynyň subutnamasy bar. Mysal üçin, bir gezeklik wizanyň bahasy 60 ABŞ dollardan 200 ABŞ dollara, köp giriş wizasynyň bahasy – 190 ABŞ dollardan 370 ABŞ dollara çenli ýokarlandy; ýekeje tranzit 60-dan 200 ABŞ dollara, goşa tranzit 120-den 280 ABŞ dollara çenli. Bu wizalaryň näçe gün berilendigi hiç ýerde ýazylmaýar, ýagny “Gateway International” “haltada pişik satmak” ýörelgesinde hyzmatlar berýär.
Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda bir türkmen raýatynyň näçe wagtlap girmäge hukugynyň bardygyny anyklamak mümkin däl. Türkmenistan bölüminde diňe: " Ýönekeý pasport eýeleriniň Türkiýä girmek üçin wizasy bolmaly" diýilýär. Şeýle-de bolsa, bu wizalaryň näçe wagtlyk berilýändigi görkezilmeýär.
Türkmenistanyň özi tarapyndan berlen wizalar, galmagyň dowamlylygy we bahasy barada aýdylanda bolsa, ABŞ, Germaniýa, Türkiýedäki, Hytaýdaky, Ýaponiýadaky we Russiýadaky türkmen ilçihanalarynyň degişli web sahypalaryna girmegi maslahat berýärin. Emma Türkmenistanyň Italiýadaky, Awstriýadaky, Owganystandaky, Fransiýadaky ilçihanalaryndaky konsullyklar berlen wizalaryň görnüşlerini ýa-da bahasyny görkezmeýär.
Biometrik pasportlary almak
Bu aralykda, Türkmenistandan ýerli migrasiýa hyzmatlarynyň biometrik pasportlaryň berilmegini yza süýşürýändigi barada habarlar bar. Azatlyk radiosy muňa esasy ünsi çekdi.
Bu esasanam soňky döwürde migrasiýa bölüminde ullakan nobatlaryň ýygnanyp başlan Lebap welaýatynda ýüze çykýar. Hatda, pasport almak üçin resminamalar tabşyrlanda, gelenlere aprel aýynyň ahyryna, maý aýynyň başyna çenli nobat üçin talonlary berip başladylar. Ozal taýýar resminamany 15-30 günüň içinde alyp bolýardy.
17-nji fewralda Azatlyk radiosy “Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy raýatlara biometrik pasport bermegi wagtlaýynça bes etdi" diýen habary paýlaşdy. Bu barada Balkan welaýatynyň Migrasiýa gullugynyň iki işgäri Azatlyga habar berdi. Resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär hem edilmedik bu maglumatlar, Türkmenistandan gitmek üçin biometrik pasport almak isleýän raýatlaryň sanynyň köpelmeginiň fonunda ýüze çykdy. "
Türkmenistanda biometrik pasport almak we wiza basdyrmak indi kynlaşdy diýen myş-myşlar tiz ýaýrady. Indi migrantlar resminama almak üçin öýlerine gitmegi däl-de, eýsem kabul ediji ýurtda bikanun ýagdaýda galmagy makul bilýärler.
Käbir netijeler.
Wiza rejiminiň girizilmegi meselesine hünärmenler biragyzdan - geosyýasy bähbitler üçin Türkiýe Türkmenistana eglişik etdi we türkmenler üçin wizasyz rejimi ýatyrdy-diýip belläp geçýärler.
Resminamalaryň berilmegi bilen baglanyşykly: Näme üçin türkmen konsullyklary, dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, raýatlaryna biometrik pasport bermeýär? Köp habarlara görä, türkmenler bu meseläni dogry korrupsiýa bilen baglanyşdyrýarlar. Köne kommunist şygaryny mysal getirmek üçin: "Türkmenistan - korrupsiýa diýmek, korrupsiýa - Türkmenistan diýmek".
We soňkusy. Türkmen häkimiýetleri sanly tehnologiýalar we elektron hökümet barada jedelleşmegi halaýarlar. Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň web sahypalaryny alalyň. Iki sahypada-da ministrligiň we bölümleriň gönüden-göni wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada raýatlar üçin peýdaly maglumatlary almak mümkin däl.
Adam hukuklaryny goraýjy Annadurdy Hajyýew.