Daşary ýurtda ýaşaýan türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa 15-nji iýulda Aşgabadyň aeroportynda Stambul ugry boýunça uçaryň bortuna mündürilmedi. Bu barada adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Gaznasy” 18-nji iýulda habar berdi.
Maglumatda onuň 5-nji iýunda pasportynyň möhletini uzaltmak üçin Türkiýeden Türkmenistana barandygy, 10-njy iýulda hem ony eline alyp, Stambula bilet satyn alandygy bellenilýär.
Hukuk topary Türkiýäniň ýokary okuw jaýynda okaýan 24 ýaşly Nurimbetowanyň Türkiýede resmi ýagdaýda galmaga ygtyýar berýän rugsadynyň hem bardygyny nygtaýar.
Maglumata görä, aeroportda migrasiýa işgärleri Nurimbetowa, onuň ýurtdan çykmagyna “gadagançylyk girizilendigini” mälim edipdirler, we sebäbi soralan-da, munuň “ýokardan gelen buýrukdygyny” aýdypdyrlar.
Nurimbetowa daşary ýurtda ýaşaýan türkmen aktiwisti Hamida Babajanowanyň gyzydyr. Ol geçen ýyl türkmen häkimiýetleriniň özünden ar almak üçin, ejesiniň Haj zyýaratyna ýoluny böwetländigine ynanýandygyny aýdypdy. Soňra, hukuk goraýjylar goşulandan soň, halkara guramalaryna arz eden 73 ýaşly enäniň ýurtdan çykmagyna rugsat berlendigi mälim boldy.
Türkmenistanda raýatlaryň ýurtdan çykmak we yzyna dolanyp gelmek hukuklarynyň kanun esasynda doly kepillendirilendigine garamazdan, olaryň ýolundan alnyp galynmagy we hiç bir düşündiriş berilmezligi, resmi ýagdaýda tassykladyp bolmaýan "gara sanawlar" sebäpli, adaty bir ýagdaýa öwrüldi.