Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar.

THF: Türkiýäniň üç deportasiýa merkezinde 450 töweregi türkmen raýaty saklanýar.

Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde azyndan ýüzlerçe türkmen raýaty saklanýar. Olaryň köpüsiniň ykbaly birnäçe aý bäri näbelliligine galýar. Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) Türkiýäniň birnäçe deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen raýatlarynyň sany barada käbir maglumatlary çap etdi.

THF-nyň habaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň 100 töweregi raýaty Ankaranyň golaýyndaky "Çankiri" deportasiýa merkezinde saklanýar; 139 adam Wan şäheriniň we 200 töweregi türkmen raýaty Erzurumyň deportasiýa merkezlerinde saklanýar.

Adam hukuklary guramasy Türkiýede tussag edilen migrantlary saklamak üçin 30 deportasiýa merkeziniň bardygyny habar berýär. Deportasiýa merkezlerindäki türkmenler, köplenç dokumentsiz bolandygy ýa-da pasportlarynyň möhletiniň geçendigi sebäpli reýd wagtynda türk polisiýasy tarapyndan tussag edilen adamlar.

Deportasiýa merkezlerinde saklanýan Türkmenistanyň raýatlary öz ykbalyna degişli karara ençeme aýlap garaşmaly bolýar. Türkmenler seýrek ýagdaýda boşadylýar, käbir ýagdaýlarda deportasiýa edilýär, köp halatda olaryň meselesiniň çözgüdi uzaga çekýär.

THF aprel aýynyň başynda anyklan maglumatyna görä, pasporty bolan türkmen raýatlarynyň türk häkimiýetleri tarapyndan deportasiýa edilýändigini habar berýär we köplenç pasportlary bolmadyklaryň deportasiýa edilmän, ýagdaýy kesgitsiz galýandygyny belleýär. "Mysal üçin, Wan şäheriniň deport merkezinde saklanýan 139 türkmeniň pasportlary ýok. Olaryň raýatlygy türkmen konsullygy tarapyndan tassyklanmaly. Olar 4-6 aý bäri konsullygyň jogabyna garaşýarlar" diýlip, habarda aýdylýar.

Türkiýede tussag edilen türkmen raýatlarynyň köpüsi, pasportlarynyň möhleti geçen ýa-da bu ýurtda galmaga ýaşaýyş rugsady bolmadyk bikanun migrantlardyr. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen tarapynyň haýyşy boýunça wiza režiminiň girizilmegi Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň ýagdaýyny hasam kynlaşdyrdy. Türkmen raýatlary ýygy-ýygydan saklanýar, olaryň Türkiýede bolmagyny kanunlaşdyrmak mümkinçilikleri has-da çylşyrymlaşdy.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama, türk häkimiýetleriniň bu meseläniň çözülmegini çaltlandyrmak üçin anyk çäreleri görýändigini belleýär.

"Ýagdaýy içinden bilýän çeşmä görä, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Tuzla şäheriniň deportasiýa merkezinden 23 türkmen awtobusly Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna äkidildi. Awtobus konsullygyň golaýynda saklandy, polisiýa konsullyk işgärlerine ýurduna ugratmak üçin dokumentlerini sazlap, deportasiýa edilmeli adamlaryň atlaryndan ybarat sanawy berdi. Şeýle-de bolsa, munuň netijesinde diňe bir türkmeniň pasporty täzelendi, konsullyk işgärleri pasporty bolmadyk beýleki adamlara dokument bermedi" diýip, THF ýazýar.

Habara görä, deportasiýa merkezlerinde saklanýanlaryň käbiri Türkmenistana dolanmak islemeýär, ýöne öz watanyna gaýtarylmagyny haýyş edýänler hem bar, sebäbi käbirler uzak aýlap garaşmak, tussaglykdaky çaknyşyklar we ýakalaşyklar, umytsyzlyk, depressiýa ýaly ýagdaýlara çydap bilmeýär we hatda öz janyna kast etmek ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.

Habarda deportasiýa merkezleriniň birinde bolup geçen waka barada şeýle gürrüň berilýär: "2023-nji ýylyň 31-nji martynda 'Çankiri' deportasiýa merkezinde türkmenler bilen pakistanly migrantlaryň arasynda çaknyşyk bolup, olar pyçaklaşdy. Pidalar boldy, şol sanda türkmenler. Rüstem atly bir adam 7 sany pyçak ýarasyny aldy, Alişeriň kellesi we barmagy ýaralandy, jemi sekiz türkmen ýaralanyp, Çankiri şäherindäki keselhanada düşdi. Bu wakadan soň ýüz töweregi türkmen başga ýere geçirildi".

"Türkmen Helsinki Fondy", Türkmen konsullygynyň watandaşlaryň düşen kynçylyklaryny äsgermezlik etmegini dowam etdirýändigini belläp, bu agzalan türkmenleriň garyndaşlarynyň olaryň watanyna dolanmagy üçin dokument bermek haýyşy bilen konsullyga eden ýüzlenmesiniň ret edilendigini habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda Türkiýedäki diplomatik edaralarynyň wekilleri migrantlaryň problemalary barada kommentariý bermekden boýun gaçyrýarlar we statistikany çap etmeýärler. Ýurduň metbugaty bu meseläni beýan etmeýär.

Ýurtlaryň arasynda wiza talap edilmedik döwründe 15 ýyllap Türkiýe türkmen raýatlarynyň arasynda zähmet migrasiýasynyň iň meşhur ýerine öwrüldi. Garaşsyz çeşmelere görä, ýurtda bir milliona golaý türkmen raýatynyň bolmagy çak edilýär. Türkiýäniň resmi maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň diňe 222 müňden gowrak raýaty Türkiýede kanuny esasda ýaşaýar.

Azatlyk Radiosy

Iň soňky habarlar

Как нелегитимные президенты Туркменистана захватывали власть./Konstitusiýa ynam galmady!!!
Как нелегитимные президенты Туркменистана захватывали власть./Konstitusiýa ynam galmady!!!
Migrant işçileriň maşgalalaryndan türkmen çagalarynyň hukuklarynyň bozulmagy.
Migrant işçileriň maşgalalaryndan türkmen çagalarynyň hukuklarynyň bozulmagy.
Никого не удивляет разложение системы образования./Sowatsyzlaşmagyň syýasatyna hiç kim geň galmaýar2
Никого не удивляет разложение системы образования./Sowatsyzlaşmagyň syýasatyna hiç kim geň galmaýar2
Azatlyk Radiosy:“Konstitusiýanyň ähli düzgünlerini bozup, ata häkimiýeti öz ogluna geçirdi” Hajyýew
Azatlyk Radiosy:“Konstitusiýanyň ähli düzgünlerini bozup, ata häkimiýeti öz ogluna geçirdi” Hajyýew
Туркменистан: через манкуртизацию к диктатуре/Bilim Syýasatymy ýa-da Mankurtlaşdyrylan Nesil? Часть1
Туркменистан: через манкуртизацию к диктатуре/Bilim Syýasatymy ýa-da Mankurtlaşdyrylan Nesil? Часть1