Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Ankaranyň administratiw kazyýeti Alişer Sahatowdan G-82 kodunyň aýrylmagyny tassyklaýar.

Ankaranyň administratiw kazyýeti Alişer Sahatowdan G-82 kodunyň aýrylmagyny tassyklaýar.

Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy (THF) Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň 26-njy administratiw kazyýetiniň kararyny aldy. Bu karar türkmen blogeri Alişer Sahatowdan G-82 çäklendiriji kodunyň aýrylandygyny tassyklaýar.

2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda çykarylan kazyýet kararynda şeýle diýilýär: «...Berlen resminamalardan görnüşi ýaly, Türkiýäniň Milli Gözleg Gullugynyň (MIT) 2025-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky gizlin hatynyň (№ 190801054) esasynda, arz ediji babatda ulanylýan G-82 çäklendiriji kody aýryldy».

я

Jogapkär tarap bolan Türkiýäniň Migrasiýa gullugy bu karara resminamanyň gowşurylan gününden başlap 30 günüň dowamynda Ankara administratiw Apelýasiýa kazyýetine (gaýtadan barlaýan we baha berýän ýokary kazyýet) şikaýat edip biler. Bu iş boýunça ähli kazyýet çykdajylarynyň öwezini dolmak borjy Türkiýäniň Migrasiýa gullugyna ýüklenildi.

«Görşümiz ýaly, Alişer Sahatowa G-82 kodunyň goýulmagy hem , onuň halkara gorag statusyndan mahrum edilmegi hem-de deportasiýa merkezine ýerleşdirilmeg i bikanun bolupdyr» — diýip, resminama THF-nyň agzasy Annadurdy Hajyýew teswir berýär.

«Şonuň üçin hem şu ýylyň oktýabr aýynda Warşawa şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Adam ölçegi boýunça býurosynyň konferensiýasynda çykyş edip, Türkiýäniň Prezidenti jenap R.Erdogana şeýle sorag bilen ýüzlendim: näme sebäpden ol öz ýurduny türkmen häkimiýetleriniň bikanun hereketlerine çekilmegine ýol berýär?— diýip A. Hajyýew aýtdy. Goşmaça, THF-nyň agzalary Ankaranyň resmi wekiliýetine türkmen blogerleriň Türkiýäniň çäginde bolup geçen ýagdaýlaryň düýp mazmunyny degişli resminamalar arkaly düşündirdiler».

2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Edirne şäheriniň prokuraturasy A. Sahatow we A. Orusow baradaky işleriň Sinop şäheriniň prokuraturasyna ugradylmagy barada karar kabul etdi. Şeýle hem kararda bu iki şahsyň 2025-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri KIHBI maglumat binýadynda dereksiz ýiten adamlar hökmünde hasaba alnandygy we Sinop şäheriniň Jemgyýetçilik howpsuzlygy müdirligi tarapyndan gözlenýändigi görkezilýär.

я

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy