Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen häkimýetleri protest seslerini basyp ýatyrmana synanyşýarlar.

 Türkmen häkimýetleri protest seslerini basyp ýatyrmana synanyşýarlar.

Türkmenistandan bize gelip gowuşan habarlara görä, türkmen hökümetine öz nägileligini daşary ýurtlarda köçe demonstrasiýalaryny görkezýän, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerine garşy türkmen hökümeti tarapyndan hasda güýçlenýär. Has giňişleýin maglumat bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz. Birnäçe aktiwist olaryň hossarlaryny gorkuzmak we basyş etmek çäreleriň dowam edýändigini habar berýärler.

Internet ulgamy arkaly öz nägileligini bildirýän gatnaşyjylaryň biri, 24 ýaşly Kurbanow Reýimberdi 8-nji awgustda Türkmenabatda polisiýa tarapyndan tussag edildi we häzirki wagtda tussaglykda saklanylýar. Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri R. Kurbanowa degişli bolan kompýuteri, telefon we elektron maglumatlary saklaýyş fleşkalaryny elinden aldylar. Mary welaýatynyň ýerli ýaşaýjylaryndan biri bolan ( şahsyýeti entäk doly anyklanmady) iýul aýynyň ahyrynda daşary ýurt metbugatlaryna hökümetiň düýpli kemçiliklerini sypatlandyrýan suratlary ibermäge synanyşan ýerli ýaşaýjylaryň biri 10 gün administratiw tussaglykda saklanyldy.

" Türkmeniýa birleşeli" we " Türkmenistanyň demokratik saýlawy"

Toparlarynyň aktiwistleriniň ýüzbe-ýüz bolan käbir kynçylyklaryny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Asly Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden bolan 36 ýaşly Azat Isakow Russiýada takmynan 10 ýyldan bäri ýaşaýar. Internet ulgamynda “Azat Türkmen” lakamy bilen tanalmak bilen onlarça wideonyň awtory bolup durýar. 2019-njy ýyldan bäri “Türkmeniýa-birleşiň” toparynyň alyp barýan işlerine işjeň gatnaşýar! 2020-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda ýüzüni gizlemegi bes etdi. "Türkmenistanda bolýan bikanunçylyklar hakda gürlemek üçin gorkmakdan ýadadym, gorkup ýaşamakdan many ýok" diýdi. Iýun aýynda, Türkmenabatdaky ene-atasynyň aýtmagyna görä özlerini MHM işgäri diýip tanadan näbelli adamlar birnäçe gezek jaň edip, ogluňy taparys we jezalandyrarys diýdiler. Şeýle hem Stambuldaky käbir aktiwistler bilen MHM işgärleri telefon arkaly söhbetdeşlik edip, şuňa meňzeş duýduryşlar aldylar. 27-nji iýunda Azatyň gözlenýän jenaýatkär şahsyýet hökmünde “Watan dönügi” diýlen ýazgy bilen, suratynyň ýerli polisiýa bölüminde asylandygy mälim boldy.

9-njy iýulda MHM işgärleri Isakowyň ene-atasynyň öýüne gelip, ogluňyz YouTube-da gürlemegi bes etmese, oglunyň agyr jenaýat bilen jogapkärçilige çekiljekdigini aýtdylar. 24-nji iýulda bir sany ýerli polisiýa işgäri we raýat eşikli iki adam öýlerine geldi. Isakowyň nirededigi we işi barada gyzyklanyp sorag berdiler, ýaşaýan adresini soradylar. , öýde ýaşaýanlaryň hemmesiniň telefonlaryny ýygnadylar we aragatnaşyklary, baglanyşyklary, suratlary, ulanylýan programmalary we şuňa meňzeş zatlary barladylar. Awgust aýynyň başynda,Azat Isakow bilen bilelikde harby gullukda bolan iki sany gullukdaşynyň wideo ýazgylary YouTube-da peýda boldy. Onuň internetde alyp barýan işini ýazgardylar. Azat Isakow watanyna mejbury gaýdyp gelmekden gorkup, 2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Russiýadan gaçybatalga sorady. Häzirki wagtda türkmen häkimiýetler uly ogluna pasport bermekden esassyz ýüz öwürýärler.

45 ýaşly Hamida Babajanowa Türkmenistanyň demirgazygyndaky Köne-Ürgenç şäherinden bolup, musulman dininiň ýörelgelerini pugta berjaý edip gelýän maşgaladandyr. 2016-njy ýyldan bäri Türkiýe döwletiniň Izmir şäherinde ýaşaýar. 2020-nji ýylyň 12-nji maýyndan başlap, “Türkmeniýa- birleşeli” toparynda YouTube-da aç-açan çykyş edip başlady. Wideo çykyşlarynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowa Gudratygüýçli Allany ýatlap, goýberen ýalňyşlyklaryny boýun almaga çagyrýar. Iýun aýynyň 16-ynda özüni welaýat gengesinden diýip tanadan Batyr atly adam Köne-Ürgenje Hamidanyň ejesiniň ýanyna gelip," Hamida gyzyňyz internetde gürlemegi bes etsin"-diýdi. Ertesi gün Batyr ýene öýüne baryp, Hamidanyň garyndaşlary, şol sanda üç uýasy we erkek dogany hakda maglumatlary ýazga aldy. 22-nji iýunda etrap polisiýa işgäri aýal doganynyň adamsyny sorag edip, nirededigini, giden ýerinde näme iş edýändigini sorady.

25-nji iýunda Hamidanyň ejesi Ýakutjan Babajanowa we uly dogany Umar Babajanow Köne-Ürgenjiň häkimlik edarasyna çagyryldy we Hamidanyň internet ulgamynda çykyş etmezligini talap etdi. Öýüne dolanyp gelende " Watan dönügi " hökmünde tussag ediljekdigini aýtdy. Hamidanyň gatnaşan Stambulda 19-njy iýulda geçirilen protestden bir gün soň, kiçi uýasy Dilfuza Köne-Ürgenç şäher polisiýasyna çagyryldy. "Söhbetdeşlik" başda ady agzalan, özüni Batyr diýip tanadan polisiýanyň gatnaşmagynda, Nurmurat atly polisiýa tarapyndan geçirildi. Hamidanyň internetdäki wideolarynyň hemmesiniň pozulmagyny we onuň çykyş etmeginiň bes edilmesini islediler. Adamsy bilen gelen Dilfuza, aýal doganynyň hukuklaryny goramaga mejbur bolandygyny aýtdy, sebäbi türkmen konsullygynyň pasportlaryny uzaltmakdan ýüz öwürmegi adamlarda hakyny talap etmek duýgulary oýardy. 22-nji iýulda başga ýene-de iki aýal doganyny Hurşidadyr Firuzany hem şäher polisiýasyna çagyrdylar. Ýöne bize habar berişlerine görä bu resmi däl “gepleşiklere” gatnaşmakdan olar ýüz öwrüpdirler.

B. D. (ady aýan edilmedi). Ol 19-njy iýulda Stambulda geçirilen demonstrasiýa wagtynda türk polisiýasy tarapyndan tussag edildi. Agşam tussag edilen 80-den gowrak türkmen (Dursoltan Taganowadan başga) boşadyldy. Ýöne şol boşadylanlaryň şahsy maglumatlary Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna geçiriljekdigi barada duýduryş berildi. Eýýäm 21-nji iýulda öýlän B.D-niň Lebap welaýatynda ýaşaýan ene-atasyny Milli howpsuzlyk ministrliginiň edara jaýyna äkidilendigi barada habar aldy. Soňra howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri," eger ogluňyz oppozisiýanyň işlerine gatnaşmagyny bes etmese, biz sizi işiňizden boşadarys ony hem halkyň duşmany diýip atlandyrarys diýdiler. Ene-atany köşeşdirmek üçin B.D. deňiz kenaryna gezelenç üçin barýarka ýalňyşlyk bilen tussag edilendigini we haýsydyr bir protest çärelerine gatnaşmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Stambulda takmynan 10 ýyl ýaşan we türkmen ulgamynda “Korol TM.TM” ady bilen tanalýan bir türkmen raýatynyň ene-atasy hem şuňa meňzeş basyşlara sezewar edildi. Ol hem 19-njy iýulda bolan wakalarda türk polisiýasy tarapyndan tussag edildi. Protokol düzülende aktiwist el telefonynyň nomerini nädogry berdi. Soňra MHM işgärleri kakasyndan Türkmenistanda dogry nomer almagy başardylar.

G.R. (ady aýan edilmedi) - “Türkmeniýa-birleşeli” toparynyň işjeň agzasy! Ol 2019-njy ýylyň güýzünde, 26-njy oktýabrda Stambulda oppozisiýa konferensiýasyna taýýarlyk görülýärkä, aňtaw gullugynyň ünsüni özüne çekdi. Bu konferensiýa, türkmen häkimiýetleriniň "türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagy üçin geçirilýän prowokasiýa" diýip, onuň öňüni almak barada ýazylan haýyşynama esasynda, türk polisiýasynyň gatyşmagy sebäpli amala aşyrylmady. 2020-nji ýylyň iýun aýynyň başynda aýal dogany bilen telefon arkaly gürleşende,G.R. şeýle habar berdi. Türkmenabatda öý dolandyryş işgärleriniň gelip, ol hakda ähli maglumatlary alandyklaryny habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, uýam Türkmenistandaky ýagdaý bilen baglanyşykly internet ulgamynda paýlaşylýan maglumatlary goldamazlygy haýyş edip, telefondan hat ugratdy. 4-nji iýunda G.R-nyň erkek doganynyň iş ýerine gelip, MHM işgärleri onuň doganyny jenaýat jogapkärçiligine çekjekdiklerini aýtdylar. " Men doganyma bikanun iş etmeýändigimi ýazdym we aňtaw gullugynyň işgärleri sizi biynjalyk etseler, atlaryny ýazyp almagyny haýyş etdim".

S.A. (ady aýan edilmeýär) - ekzamen tabşyrmak üçin Minsk şäherine gelen bir türkmen talyby. Türkmen döwlet edaralarynyň tekliplerine salgylanyp, aprel aýynda Belarus häkimiýetleri tarapyndan wiza möhletini uzalmak togtadyldy. Koronawirus pandemiýasynyň çäklendirmeleri sebäpli ol ýurtdan çykyp bilmeýär. Iýul aýynyň ortalarynda, daşary ýurtlarda ýerleşýän oppazision hereketleriniň biri bilen aragatnaşyk gurup, Türkmenistan barada maglumat berdi. tiz wagtdan IMO-nyň üsti bilen A.D adyny ulanýan şahsyýet haýbat atyp başlady. Talybyň şahsyýetiniň kesgitlenendigini, we MHM işgärleriniň öýünde oňa garaşýandyklaryny mälim etdi. Kakasyna hem Türkmenistanda howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan haýbat atyldy.

Y.M. (ady aýan edilmeýär) - Telegramda türkmenleriň söhbetdeşliklerine işjeň gatnaşýan, 2020-nji ýylyň ýazynda möhleti geçen pasport bilen baglanyşykly mesele boýunça Kiýewdäki türkmen konsullygy bilen habarlaşdy. Tizara şäher polisiýa işgärleri Türkmenistandaky ejesiniň ýanyna gelip, konsullyga gitmegi kimiň öwredendigini we näme üçin Türkmenistanda täze pasport almak islemeýändigini gyzyklanmana başladylar. Ejesine basyş edilip, garyndaşlaryndan biri şol gün sorag etmek üçin äkidildi.

Bu hadysalar häkimiýetleriň türkmen halkynyň arasynda ýüze çykan nägilelik hereketini basyp ýatyrmak üçin edilýän synanyşyklaryň käbirleri. Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň pikirine görä, türkmen hökümetiniň basyş etmek usullary bikanun hasap edilýär. Türkmenistanyň boýun alan halkara borçnamalaryna düýpgöter ters gelýär.

Täjigül Begmedowa, ynsan haklary barada Türkmen Helsinki Gaznasy.

Witaliý Ponamarew, Memorial ynsan haklaryny goraýyş merkezi.

Iň soňky habarlar

Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.