2025-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda, takmynan sagat 23:30-da Türkiýede ýaşaýan, “Azatlyk Radiosynyň” (RFE/RL) Türkmen gullugynyň we “Migrant Media”nyň öňki habarçysy bolan Ahmet Rahmanowyň öýüne, özlerini Stambulyň Küçükçekmeje etrabynyň žandarma işgärleri diýip tanadan iki erkek adam geldi.
“Jemi bäş adam geldi, emma ýaşaýyş jaýyna diňe ikisi girdi. Olaryň biri şahsyýetini tassyklaýan resminama görkezdi we özleriniň žandarma gullugynyň işgärleridigini beýan etdi. Men adynyň we wezipesiniň anyk aýdylmagyny talap edendimde, ol kagyza “Serjan Alper” diýip ýazdy. Mundan soň olar ýolbaşçylary tarapyndan maňa çäre görmek barada görkezme berlendigini habar berdiler — sözleri sitata getirýärin: “Onuň elini-aýagyny döwüň”. Men bu görkezmäniň sebäbini soranymda, olar sebäbini bilmeýändiklerini, diňe özlerine ýetirien buýruga laýyk hereket edýändiklerini aýtdylar” — diýip, A. Rahmanow hukuk goraýjy guramalara maglumat berdi.
“Koridoryň giriş böleginde kämillik ýaşyna ýetmedik üç çagamyň aýakgaplaryny görenlerinden soň, maňa fiziki zyýan ýetirilmеjekdigini aýdyp, ýöne mümkin başga adamlar gelip, “has güýçli çäreler” görüp biljekdiklerini duýdurdular. Olar kimdir biriniň maňa garşy güýç ulanmak arkaly jeza berilmegini aýratyn isläp durandygyny aýtdylar. Şeýle hem maňa öýden çykmazlygy we olaryň gelişi barada hiç kime maglumat bermän durmagy talap etdiler”.
20-nji we 21-nji oktýabr güni Serjan Alper daşary ýurt telefon belgisine (+46 72 271 67 18) bellige alnan WhatsApp arkaly Ahmet Rahmanow bilen birnäçe gezek habarlaşdy we Rahmanowyň öýden çykmazlygyny gözegçilikde saklady. Rahmanow onuň sekiz jaňyna jogap bermänsoň, Alper tarapyndan şu manyly sms iberildi: «Men saňa tarap ýola çykdym».
Mundan soň Ahmet Rahmanow Serjan Alper bilen özi telefon arkaly habarlaşyp, çagasynyň ukyda bolandygy sebäpli telefony sessiz režiminde goýulandygyny düşündirdi we onuň gelmezligini haýyş etdi. Serjan Alper muňa razy boldy, emma mundan beýläk Rahmanowyň onuň jaňlaryna hökman jogap bermegini, öýden çykmazlygyny we hiç kim bilen aragatnaşyk saklamazlygyny talap etdi.
21-nji oktýabr güni A. Rahmanow we onuň ýanýoldaşy başdan geçiren ýagdaýlary barada gaçybatalga statusyna ýüz tutujy hökmünde Migrasiýa gullugyna habar berdiler. Migrasiýa gullugynyň işgärleri Rahmanowlar maşgalasyna gaçybatalga ýüz tutanlaryň şahsy maglumatlarynyň gizlinlikde saklanylýandygyny tassykladylar we: «Bu kişiler siziň adresiňizi nädip tapdylar?» diýen sorag bilen haýran galýandyklaryny bildirdiler.
Migrasiýa gullugynyň wekilleri, gijeki gelen şahslaryň Türkiýäniň resmi žandarma işgärleri bolmagynyň mümkin däldigini aýdyp, mesele boýunça prokuratura we polisiýa edaralaryna ýüz tutmaklaryny maslahat berdiler.
Gözegçilik we gorkuzmak boýunça edilýän hereketler dowam edensoň, 22-nji oktýabrda maşgalanyň agzalary wekili bolan aklawçylary bilen birlikde prokuratura edarasyna ýüz tutdular. Olaryň görkezmeleri we resmi arzasy kabul edilenden soň, prokuratura ýagdaýy seljermek üçin degişli derňew işleriniň geçirilmegini polisiýa edaralaryna tabşyrdy.
Polisiýadan daşary, wakanyň jikme-jiklikleri boýunça Rahmanowlar bilen jenaýat gözleg bölüminiň, terrorçylyk bilen göreş bölüminiň işgärleri hem-de Türkiýäniň degişli ýörite gulluklarynyň wekilleri bilen hem gürrüň geçirildi.
“Men mundan öň žurnalistika işi bilen meşgullanýandygym sebäpli, Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan haýbatlar alandygym barada habar berdim. Ýöne men hiç haçan dawa-jenjele gatnaşmadym. Şeýle hem aktiwistler Alişer Sahatow bilen Abdulla Orusowyň ýok bolmagyndan soň, islendik şahys bilen ähli aragatnaşyklarymy doly togtadandygymy, internet we telefon arkaly hem habarlaşmany bes edendigimi söyledim, sebäbi sosial ulgamlar arkaly-da maňa garşy haýbatlar gelýärdi. Polisiýa işgärleri bu ýagdaýda Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň gatnaşmagynyň mümkindigini çaklaýarlar” — diýip, A. Rahmanow belledi.
Polisiýa A. Rahmanowyň öýden çykmazlygyny, olaryň çagalarynyň bolsa wagtlaýynça mekdebe gatnamazlygyny berk talap etdi.
Ahmet sms-lere we jaňlara jogap bermän başlady. 22-nji oktýabrda göni paýyş we howp salýan mazmundaky sms gelip gowuşdy: “seni keserim”. Ahmet agzalan belgini (nomeri) petik (blok) goýandan soň, jaňlar başga bir belgiden (+62 831-1709-2502) gelmäge başlady.
19-njy oktýabr gijesi bolan waka boýunça goňşy çörek taýýarlaýyş nokadynyň gözegçilik kamerasynyň wideoyazgysy ele geçirilende, Rahmanowlar maşgalasynyň ýaşaýan jaýynyň ýanyna Stambul belgili taksiniň gelip durandygy we şol ulagdan gijeki gelen adamlaryň düşendigi anyk görünýär.
Soňra taksi sürüjisi bu işi alyp barýan polisiýa işgärlerine Stambulyň çäklerinden näbelli erkek adamlary getirendigini tassyklady.
Türkiýede hukuk taýdan ýerine ýetiriji edaralarynyň işiniň haýallygyny — ýagny, düşnükli wideoýazgylaryň bardygyna garamazdan, şu wagta çenli gelen adamlaryň şahsyýetiniň anyklanmazlygyny, şeýle-de Türkiýede türkmen aktiwistlerini yzaralamak bilen bagly beýleki işlerde derňewleriň netijesiz galýandygyny göz öňünde tutup, Ahmet özüniň we maşgalasynyň ýüzbe-ýüz bolýan basyşlary baradaky maglumatlary köpçülige ýetirmäge karar berdi.
Birnäçe aý mundan ozal sag-salamatlygynyň ykbaly belli bolman galan türkmen blogçylarynyň ýagdaýyny nazara alanyňda, Türkiýe çäginde türkmen režiminiň garşydaşlaryny anyklamak we olary izolirlemek bilen meşgullanýan bikanun toparyň hereket edýän bolmagy baradaky aladalar bar. Munuň daşary ýurt çäginde nähili we nähilikde amala aşyrylýandygy baradaky soraglar bolsa Türkiýäniň degişli döwlet edaralaryna gönükdirilýär.
Adam hukuklary Türkmen Helsinki Gaznasy.