Düýbi Bolgariýada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowa 22-nji noýabrda Stambulyň aeroportundan Bolgariýa deport edildi. Oňa bäş ýyl möhlet bilen Türkiýä girmek gadagan edildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasy habar berýär.
Begmedowa 21-nji noýabrda howa ýollary arkaly Stambula bardy. Ol “Bir Duýno – Gyrgyzystan 2023” adam hukuklary boýunça dokumental film festiwalyna gatnaşmak üçin birnäçe gün soňra Stambuldan Bişkege syýahat etmegi meýilleşdirýärdi.
Aeroportdaky pasport barlagynda Begmedowadan "garaşmak" soralýar we soňra, öýlän 3 töwereginde, ýurda girmegine rugsat berilmedik ýolagçylaryň otagyna alynýar. Aktiwistiň barmak yzy alynýar, surata düşürilýär we el goşlary barlanýar.
Iki sagat soňra ynsan hukuklaryny goraýja ertesi güni irden sagat 9:15-däki uçar bilen Bolgariýa deport edilýändigi habar berilýär.
Bellenen wagtda Begmedowa “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň uçary bilen Stamuldan Bolgariýanyň Warna şäherine deport edilýär. Gaýta-gaýta ýatladandygyna garamazdan, onuň ýüki yzyna gaýtarylyp berilmeýär.
THF-a göra, uçuşdan birnäçe sagat ozal, Begmedowanyň Türkiýaniň Migrasiýa gullugynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrda kabul eden karary esasynda bäş ýyl möhlet bilen Türkiýä girmeginiň gadagan edilendigi onuň özüne mälim edilýär.
Türk häkimiýetleri giriş gadaganlygynyň sebäbini "milli howpsuzlyk aladalary" bilen esaslandyrýarlar.
Begmedowa Türkmenistanda adam hukuklarynyň basgylanmagy we Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlarynyň hukuk aladalary boýunça işjeň kampaniýalary alyp barýardy.
Türkmen Helsinki gaznasy şu ýyl Türkiýede türkmen migrantlarynyň hukuklaryny goramaga gönükdirilen “Hak Hukuga Daýanç” ynsan hukuklary guramasynyň hasaba alynmagyna ýardam berdi.
Türkmen dissidentleri tarapyndan esaslandyrylan Türkmen Helsinki gaznasy Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary boýunça iş alyp barýar. Gaznanyň web sahypasy Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary hem-de Türkmenistanda adam hukuklarynyň kemsidilmegi barada yzygiderli maglumatlary çap edýär.
Guramanyň web sahypasyna görä, Türkmen Helsinki gaznasy Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşinde Türkmenistan we Türkiýe boýunça geçirilýän Ähliumumy döwürleýin syn üçin alternatiw hasabatlaryň taýýarlanylmagyna gatnaşdy.
Türkiýe soňky ýyllarda türkmen aktiwistleri üçin howply ýurda öwrüldi. Soňky birnäçe aýyň dowamynda azyndan alty aktiwist Türkiýeden Türkmenistana deportasiýa edildi. Olar sosial ulgamlarda türkmen hökümetini işjeň tankytlaýardy. Adam hukuklaryny goraýjylar Türkiýeden
Türkmenistana deportasiýa edilen aktiwistleriň jan saglygyna we ykbalyna alada bildirdiler.
Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň raýatlary üçin wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Has ozal, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkiýeden türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizmegi haýyş edendigini mälim etdi.
Türkiýäniň migrasiýa edarasynyň sanlaryna görä, bu ýurtda kanuny esasda 220 müňden gowrak türkmenistanly ýaşaýar. Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň hakyky sanynyň ýüzlerçe müň adamdan tas milliona adama çenli baryp ýetýändigi çaklanýar. Türkiýede türkmen pasportlaryny täzeläp bilmeýän türkmenistanlylar bu ýurtda bikanun ýaşamaga sezewar bolýarlar we yzygiderli deporatsiýa howpunyň astynda galýarlar.