Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

3-nji noýabrda Ankarada А.Sahatow bilen А.Orusowyň halkara goragyndan mahrum edilmegine garşy kazyýet diňlenişigi geçiriler.

3-nji noýabrda Ankarada Sahatow bilen Orusowyň halkara goragyndan mahrum edilmegine garşy kazyýet diňlenişigi geçiriler.

2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Ankarada kazyýet türk häkimiýetleriniň Alişer Sahatow bilen Abdullah Orusowy halkara goragyndan mahrum etmek baradaky kararyna garşy arzany sereder. Bu sene aktiwistler tarapyndan şikaýat berilenden soň birnäçe aý önden bellenipdi.

Mundan ozal, 23-nji oktýabrda Ankarada iki türkmen blogçysynyň deportasiýa barada Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň edarasy bilen bagly iş boýunça 26-njy administratiw kazyýetde diňlenişik geçirildi. Kazynyň gutarnykly karary 1–2 aýyň dowamynda çykarylmagyna garaşylýar.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Ombudsmeni Ýazdursun Gurbannazarowadan jogap alyndy. Hatdan terjime aşakdaky ýaly berilýär:

“Siziň Türkiýe döwletiniň polisiýa edarasy tarapyndan saklanan ogluňyz A.J. Sahatowyň Türkmenistana gelendigini ýa-da gelmändigini, eger-de gelen bolsa onuň saklanýan ýerini anyklap bermegi sorap ýazan haýyşnamaňyzyň mazmunyndan, Adalatça haýyşnama ýazmaga degişli däl ýüz tutan ýeriňiziň görünmeýändigi sebäpli “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 26-njy maddasynyň 1-nji böleginiň 3-nji bendine esaslanyp, ilki bilen degişli döwlet edaralaryna ýüz tutmaga hukugyňyzyň bardygyny düşündirýäris.”

я

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.