Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkiýäniň birinji instansiýa kazyýeti türkmen blogçylary deportasiýa etmek barada karar çykardy.

Türkiýäniň birinji instansiýa kazyýeti türkmen blogçylary deportasiýa etmek barada karar çykardy.

Türkmen blogçylary Alişer Sahatowyň we Abdulla Orusowyň aklawçysy,

Türkiýäniň Samsun şäheriniň birinji instansiýa kazyýetiniň onuň müşderilerini deportasiýa etmek barada karar çykarandygyny mälim etdi. Bu çözgüt 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda kabul edilip, aklawça bu barada 27-nji iýunda habar berildi.

Resminamalar bilen jikme-jik tanşylanda, iki kazyýetiň çykaran çözgütleriniň birmeňzeşdigini, hatda käbir jümleleriniň birebir göçürilendigi görünýär.

Alişer Sahatow 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde halkara gorag üçin ýüz tutdy. Soňra oňa G-82 (milli howpsuzlyga garşy hereket) görnüşli çäklendirme kody bilen hemişelik ýurt içine girmek gadaganlygy girizildi. Kazyýetiň kararynda şeýle diýilýär: “Şeýle hem, şikaýatçynyň Türkiýede kanuny ýaşamaga hukugynyň ýokdugyny göz öňünde tutup, ony deportasiýa etmek kararyna kanuna ters gelmeýändigi kesgitlenildi, we ...talapçynyň watanyna gaýdyp baran halatynda erbet garalmak we yzarlanmak töwekgelçiligi baradaky delilleri dogry hasaplanmady” – diýp kazyýetiň kararynda bellenilýär.

a

я

Abdulla Orusowyň işi boýunça kazyýet onuň 2023-nji ýylyň 3-nji iýulynda halkara gorag üçin ýüz tutandygyny belläp geçýär. Onuň hem üstünden şol bir G-82 kody bilen çäklendirme girizilipdir we onuň hem Türkiýede ýaşamaga kanuny hukugy ýokdygy nygtalýar. Şeýle hem karar beriji kazyýet tarapyndan şeýle netije çykaryldy: “...talapçy deportasiýa edilende ölüm jezasy, gynama ýa-da rehimsiz çemeleşme bilen ýüzbe-ýüz bolmaz...”.

а

я

Türkmen blogçylarynyň aklawçysy Alişer Sahatowyň we Abdulla Orusowyň işine degişli bu kararyň wagtynda, türk kanunçylygyna laýyklykda, Türkiýäniň Konstitusion kazyýetine şikaýat ediljekdigini aýtdy.

Ýatladyp geçsek, 2025 nji ýylda 25-nji we 26-njy iýunda türk kazyýetleri bu iki blogçynyň deportasiýa merkezlerinde saklanmagynyň ýatyrylmagy baradaky haýyşlaryny gutarnykly ret etdi.

Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy.