Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

2025-nji ýylyň iýulynda Türkiýede ýitirim bolan türkmen blogerleri A. Sahatow we A. Orusowyň işinde täzelikler anyklanyldy.

2025-nji ýylyň iýulynda Türkiýede ýitirim bolan türkmen blogerleri A. Sahatow we A. Orusowyň işinde täzelikler anyklanyldy.

28-nji noýabr güni Abdulla Orusowyň işi boýunça kazyýet hökmi alyndy.

Resminama görä, 2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türk Milli aňtow guramasy (MIT) tarapyndan şikaýatçy üçin G-82 kody (millî howpsuzlyga garşy hereketler) ulanyldy, ýagny onuň saklanmagyndan 10 gün ozal.

Kazyýet şeýle diýýär: "Bu ýörite ýagdaýda, şikaýatçy barada maglumatlaryň häsiýetini, terrorçylyk işjeňliklerine gatnaşmagyň öňüni almak, konflikt zolagyna syýahat etmegi gadagan etmek we ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet edaralarynyň şikaýatçy barada berýän maglumatlaryny... döwlet häkimiýetleriniň çäginde borçlary nazara alyp, seljerilen işde kanunyň bozulmandygy bellenýär."

a

Şeýlelikde, kazyýet A. Orusowyň üstüne G-82 kodunyň goýulmagynyň kanunçylyga laýykdygy baradaky öňki kazyýetiň kararyny tassyklady.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistlerde deportasiýa lagerinden Abdulla bilen geçirilen telefon gürleşigiň ýazgysy bar: "...ýakyn wagtda MIT işgäri meniň bilen duşuşçakdygy barada maňa duýduryş berildi."

Şol bir wagtda, onuň adwokatynyň eline geçen A. Sahatowyň işi boýunça materiallara görä, 2025-nji ýylyň 22-nji iýulynda şol bir G-82 kody Alişerden aýryldy.

a

Bu Türkiýaň içeri işler ministrliginden gelen hatdan belli boldy. Karar blogeriň ýitirim bolandan iki gün öň, 22-nji iýulda Türkiýaň içeri işler ministrliginiň Göç edarasy tarapyndan kabul edildi. Emma kazyýet A. Sahatowyň işi boýunça kararyny heniz çykarmady.

Ýatlatýarys, Sahatow we Orusowdan G-82 kodlary aýyrmak meselesi 3-nji noýabrda Ankarada geçirilen kazyýet diňlenişiginde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, iki türkmen blogeri şu ýylyň 28-nji aprelinde tussag edilip, olaryň halkara gorag statusy ýatyryldy we soňra Edirne ugradylmazdan ozal Ankaradaky deportasiýa lagerine ýerleşdirildi.

Iki bloger 24-nji iýuld a takmynan sagat 23:00-de, deportasiýa merkezinden boşadylandan soň derrew ýitirim boldular. Emma olar barmaly bolan Sinop şäherine ýetmän galdylar we şondan bäri olaryň niredigi şu wagt hem näbelli bolup galýar.

Adam hukuklary boýünça Türkmen helsinki gaznasy.