Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy bilen baglanyşykly açyk hat.

Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy bilen baglanyşykly açyk hat.

5-nji sentýabrda, 15 halkara döwlete degişli bolmadyk guramasy Türkmenistanyň prezidentine bilelikdäki ýüzlenmesinde Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket azatlygy baradaky esasy hukuklaryna hormat goýulmazlygy we Aşgabat halkara howa menzilinde ýolagçylary uçuşlardan esassyz düşürmek tejribesi baradaky çynlakaý alada bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedowa

Prezident Köşgi

74400 Aşgabat, Türkmenistan

05.09.2024

Jenap Prezident Serdar Berdimuhammedow,

Biz, aşakdaky gol çekenler, Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket azatlygy baradaky esasy hukuklaryna hormat goýulmazlygy we Aşgabat halkara howa menzilinde ýolagçylary uçuşlardan esassyz düşürmek tejribesi baradaky aladalarymyzy bildirmek üçin size hat ýazýarys. Biz aşakdaky düzgün bozmalara derrew üns bermegiňizi haýyş edýäris.

Aýratynam aladalandyrýan mysallaryň biri, Türkmenistanyň hökümet tankytçylarynyň maşgala agzalaryna daşary ýurda gitmegine rugsat bermekden ýüz öwürmegi. 2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde 74 ýaşly Ýakutjan Babajanowa zyýaratçylar toparynyň bir bölegi bilen Umra (kiçi haj zyýaraty) ýerine ýetirmek üçin Türkmenistandan gitmegine rugsat berilmedi. Ýakutjan Babajanowa, 2016- njy ýyldan bäri Türkiýede ýaşaýan we sosial ulgamlardaky tankydy bellikleri bilen tanalýan Türkmenistanyň Daşoguz sebitinden bolan 49 ýaşly etnik özbek Hamida Babajanowanyň ejesi. Serhetçiler hanym Babajanowa Aşgabatdan Stambula uçýan uçuşa münmäge rugsat bermediler. 23-nji aprelde oňa ýene gaýtadan ýurtdan çykmaga rugsat berilmedi. Diňe 2023-nji ýylyň awgust aýynda bu waka halkara guramalarynyň ünsüni özüne çekensoň, esassyz syýahat gadaganlygy ýatyryldy. Şeýle-de bolsa, esassyz syýahat gadaganlygy bilen baglanyşykly ýagdaý Hamidanyň beýleki garyndaşlary bilen gaýtalandy. Onuň iki aýal doganyna Hürşida we Dilfuza Türkmenistandan gitmäge rugsat berilmedi: biri 2024-nji ýylyň fewralynda Türkiýe döwletine, beýlekisi 2024-nji ýylyň aprelinde Özbegistana. Haýyşlaryna jogap hökmünde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň syýahat gadagançylygynyň sebäbini ýa-da dowamlylygyny görkezmeýän resmi tassyknama aldylar. Şol bir gulluk bilen şahsy ýüzlenmede, üçünji aýal dogany Firuza Babajanowanyň hem syýahat etmäge rugsat berilmedik adamlaryň “gara sanawynda” bardygyny habar berdiler.

2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda aktiwistiň gyzy, “Medipol” türk lukmançylyk uniwersitetiniň ikinji ýyl talyby Sadokat Nurimbetowa Stambulda okamak üçin ýurtdan çykmaga rugsat berilmedi. Ol 23-nji iýulda Türkmenistanyň migrasiýa gullugyna ýazmaça ýüz tutdy. Häzire çenli jogap ýok. Babajanowlaryň-prezidente, Ombudsmene we Daşary işler ministrligine ýazan arzalaryny Daşoguzdaky we sebitde birnäçe etrapdaky poçta bölümleri kabul etmekden ýüz öwürdiler. 1-nji awgustda Aşgabatda garawullar Migrasiýa gullugynyň binasyna girmäge rugsat bermediler.

Babajanowlaryň erkin hereket azatlygynyň çäklendirilmegi, onuň çykyşlary üçin “jeza” diýip hasaplamaga esas bar. Şunuň bilen baglylykda, 29-njy iýulda Hamida YouTube-da Türkmenistanyň prezidentine wideo ýüzlenme ýaýratdy .

Aktiwist Hamida Babajanowanyň garyndaşlaryna garşy girizilen gadaganlyklar diňe Türkmenistan raýatlarynyň daşary ýurda gitmegine esassyz çäklendirmeler däl. 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aşgabat howa menzilinde serhetçiler 20 talybyň uçara münmegine rugsat bermediler we 28-nji awgustda bolsa Türkiýäniň dürli okuw jaýlaryna okamaga barýan 60 talyba .

Olardan üçüsiniň pikiriçe, migrasiýa gullugynyň işgärleri Türkiýedäki uniwersitetiň işini bes edendigini aýdýarlar, bu hakykata laýyk gelmeýär. Ýene bir manysyz salgylanma, Türkmenistanyň türkmenlere okamagy maslahat berýän dokuz sany daşary ýurt uniwersitetiniň sanawyna degişlidir. Ýerli işgärler bu sanawy beýleki edaralarda okamagyň gadaganlygy diýip düşündirdiler, bu bolsa türkmenleriň bilim almak hukugyny bozýar. Şol bir wagtyň özünde käbir araçylar ýaşlara ýagdaýy 2000 - 4000 ABŞ dollar aralygynda çözmegi teklip edýärler, soň bolsa syýahat gadaganlygy ýatyrylýar. Bu mysallar, şeýle hem serhet gullugynyň hereket azatlygyny esassyz çäklendirmek umumy tejribesi, ürkmenistanyň konstitusiýasyna, adam hukuklaryna we halkara borçnamalaryna yzygiderli äsgermezçilik edýändigini görkezýär.

Jenap Prezident Serdar Berdimuhammedow,

Biz Sizi Hamida Babajanowanyň garyndaşlaryna degişlilikde we 2024-nji ýylyň tomsunda uçmaga rugsat berilmedik Türkiýede okaýan talyplara daşary ýurda syýahat etmek baradaky bikanun çäklendirmeleri aýyrmak üçin gyssagly çäreleri görmegiňizi haýyş edýäris. Şeýle hem, Türkmenistanyň häkimýetlerini halkara adam hukuklary kanunlaryndaky borçlaryna laýyk gelýän raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň 12-nji maddasyna we Adam hukuklary baradaky Ähliumumy Jarnamanyň 13-nji maddasyna laýyklykda hereket azatlygy hukugyny goramak we durmuşa geçirmek üçin ähli çäreleri görmäge çagyrýarys.

1. Tadzhigul Begmedova, Turkmenistan Helsinki Foundation for HR, Bulgaria

2. Farid Tukhbatullin, Turkmen Initiative for Human Rights, Austria

3. Tolekan Ismailova, Public Association Human Rights Movement “Bir Duino”, Kyrgyzstan

4. Gulnara Shahinian, Democracy Today, Armenia

5. Vyacheslav Mamedov, Democratic Civil Union of Turkmenistan, Netherlands

6. Galim Ageleuov, OF Liberty, Kazakhstan

7. Yevgeniy A.Zhovtis, Kazakhstan International Bureau for Human Rights and Rule of Law, Kazakhstan

8. Dr. Leyla Yunus, Institute for Peace and Democracy, Netherlands

9. Dr. Arif Yunus, Institute for Peace and Democracy, Netherlands

10. Ganimat Zahid, Democracy for Azerbaijan, France

11. Anara Ibrayeva, Public Association “Dignity”

12. Temirkhan Misrikhanov, Association of Independent Lawyers of Turkmenistan

13. Krasimir Kanev, Bulgarian Helsinki Committee, Bulgaria

14. Sergey Davidis, Memorial Human Rights Defence Centre, Lithuania

15. Freedom Now, Washington D.C.

CC:

1. Volker Türk

Commissioner for Human Rights (OHCHR)

Palais Wilson 52 rue des Pâquis CH-1201 Geneva, Switzerland

email: InfoDesk@ohchr.org

2. Irene Khan

The Special Rapporteur

on the promotion and protection of freedom of opinion and expression

OHCHR-UNOG

8-14 Avenue de la Paix

1211 Geneve 10, Switzerland

email: hrc-sr-freedex@un.org

3. Michael O`Flaherty

Commissioner for Human Rights of the Council of Europe

67075 Strasbourg Cedex, France

email: commissioner@coe.int

4. Olof Skoog

EU Special Representative (EUSR) for human rights

67075 Strasbourg Cedex, France

email: commissioner@coe.int

5. Matteo Mecacci

The Director of the OSCE Office for Democratic Institutions and Human Rights

email: office@odihr.pl

6. International Organization for Migration

17 Route des Morillons, 1211 Geneva 19, Switzerland

+41 22 717 9111

Iň soňky habarlar

Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy bilen baglanyşykly açyk hat.
Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň...
15 НПО: С.Бердымухамедов! Остановите БЕСПРЕДЕЛ/Ýolagçylary uçuşlardan ESASSYZ düşürmegi BES EDIŇ
15 НПО: С.Бердымухамедов! Остановите БЕСПРЕДЕЛ/Ýolagçylary uçuşlardan ESASSYZ düşürmegi BES EDIŇ
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.