Türk wizasyny alan Türkmenistanyň raýatlary, ýurduň daşyna gidende raýat aktiwligini görkezmejekdikleri barada dilhaty ýazmaga mejbur edilýärler. "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) tarapyndan habar berlen bu täze talap, ýurtdan gidýänleriň ýene köpelýän wagtynda ýüze çykdy.
THF Türkiýä gitmek üçin wiza alan Türkmenistanyň raýatlarynyň polisiýa tarapyndan çagyrylandyklary barada habar berýär. Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň web sahypasynda 5-nji martda çap edilen habarda fewral aýynyň ahyrynda Türkiýä baran bir türkmen raýatynyň ýagdaýyndan mysal getirilýär.
“Wiza alanymdan soň, meni ýaşaýan ýerimdäki ýerli polisiýa bölümine çagyrdylar. Olar menden: 'Daşary ýurtda, hökümetimizi tankytlaýan hereketlere we protestlere, internetde alnyp barylýan syýasy meseleler boýunça çekişmelere gatnaşmazlygy öz üstüme alýaryn. Internetde ýerleşdirilen wideolara teswir ýazmajakdygyma we olaryň aşagynda "laýk" goýmajagyma söz berýärin', diýip ýazmagymy talap etdiler" diýip, THF özüni Gadam diýip tanadan türkmen raýatyny sitirleýär.
THF türkmen resmilerini deportasiýa merkezlerindäki türkmenleriň ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar
Bu, türk wizasyna bolan islegiň, şeýle hem biometrik pasporty almak ugrundaky howsalanyň fonunda ýüze çykan nobatdaky talap.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, käbir sebitlerde raýatlara pasport berilmegi togtadylypdyr. Beýleki welaýatlarda pasport almak üçin dokumentleriň tabşyrylmagynyň möhleti ep-esli azaldylypdyr. Garaşsyz “Turkmen.news” neşiriniň 27-nji fewralda habar bermegine görä, hususan-da, Daşoguzda we Maryda raýatlar biometrik pasporty sorap, Migrasiýa gullugyna pasportyň möhletiniň gutarmagyna diňe bir aý galanda ýüz tutup bilýärler. Ozal pasportyň möhletini uzaltmak üçin alty aý öňünden ýüz tutup bolýardy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýä syýahat etmegi üçin berjaý emeli ýene bir çylşyrymly talaby, öz ýurduna gaýdyp gelmegini kepillendirýän güwanama bilen bagly. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, adamyň yzyna gaýdyp geljekdigini kepil geçmek üçin döwlet edarasynda işleýän adam tapmaly, bu bolsa köpler üçin agyr mesele bolýar.
Kepil geçýän şahs hökmünde, adatça, syýahat etmek isleýän adamyň garyndaşlaryndan biri bolýar. Ol döwlet edarasynda işlemeli we wizada görkezilen wagt möhletiniň dowamynda Türkiýä giden adamyň gaýdyp geljekdigini kepillendirýän we notarius tarapyndan tassyklanan hat bermeli. Munuň üçin ol zerur kagyzlaryň ençemesi bermeli.
THF, kepillendirijiniň 2000 manat girdejisi bolmalydygyny, iş ýerinden buhgalteriýa bölüminden hat getirmelidigini habar berýär. Kepillik haty bolmazdan wiza berilmeýär. Syýahat edýän adam wagtynda watanyna dolanyp barmasa, kepillendirijiniň işden kowulmak töwekgelçiligi döreýär.
Türkmenistanly Gadamyň pikiriçe, bu päsgelçilikler häkimiýetleriň raýatlaryň ýurtdan çykmazlygyny gazanmaga synanyşýandygyny görkezýär: “Ýurdumyzda iş ýerleriniň ýetmezçiligi, azyk önümleriniň bahasy we korrupsiýa bilen baglanyşykly problemalar barmy? Elbetde bar. Häkimiýetler olary çözmegiň ýerine halka zulum ýolundan gidýärler. Olar üçin iň oňat çözgüt - wiza. Aslynda maksat: adamlar Türkmenistany terk etmeli däl we olaryň gözleri açylmaly däl. Daşary ýurda näçe köp adam gitse, şonça-da häkimiýetlere howp güýçlenýär".
Şeýle-de, adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondunyň" maglumatynda 2-nji martda BMG-nyň Adam hukuklary komitetiniň Ženewada geçirilen 137-nji mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň Türkiýe bilen wiza girizmek maksadynyň raýatlaryň howpsuzlygy bilen baglydygyny aýdandygyna üns berilýär.
2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkiýe, türkmen hökümetiniň haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgünini girizdi.
Adam hukuklary guramasy päsgelçilikleriň kanuna ters gelýändigini belleýär.
"Türkmenistanyň Migrasiýa baradaky Kanunynda şeýle diýilýär: «18 ýaşyna ýeten her bir raýat islendik wagtda ýurtdan çykyp biler we islendik wagtda ýurduna gaýdyp biler». Kepillik we kepillik haty barada hiç zat aýdylmaýar" diýlip THF-niň maglumatynda aýdylýar.
Bu päsgelçilikleriň hemmesine garamazdan, Türkmenistandan gidýän adamlaryň akymy durmaýar.
Azatlygyň habarçysy Sofiýa Soltanowanyň sözlerine görä, Stambulda türkmen raýatlarynyň sanynyň köpelendigi göze ilýär: "Soňky birnäçe aýyň içinde Stambulyň köçelerinde Türkmenistandan täze gelenleriň sany ep-esli artdy. Olary milli eşiklerden we ene dilinde gürleýändiklerinden tanap bolýar".
Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çap eden habarynda ýurtda Türkmenistanyň 222 090 raýatynyň kanuny esasda bolýandygy aýdylýar.