Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Edirne şäheriniň prokuraturasy türkmen blogçylarynyň işi boýunça deportasiýa merkeziniň wideoýazgylaryny talap etdi

Edirne şäheriniň prokuraturasy türkmen blogçylarynyň işi boýunça deportasiýa merkeziniň wideoýazgylaryny talap etdi

Edirne şäheriniň prokuraturasynyň wezipeli şahslaryň jenaýatlaryny derňeýän bölümi Edirne welaýatynyň Migrasiýa müdirligine (geçen ýylyň tomsunda A. Sahatow we A. Oru­sow ýitirim bolan şäher) hat iberdi.

Hatda şeýle diýilýär: „Bu derňew boýunça subutnama binýadyny üpjün etmek maksady bilen, Edirne şäheriniň wagtlaýyn saklaýyş merkeziniň (deportasiýa merkezi) gözegçilik kameralarynyň görkezilen senedäki ýazgylaryny üpjün etmegiňizi, şeýle hem degişli materiallary taýýarlap, gysga möhletde prokuratura ibermegiňizi haýyş edýäris“.

Öň bu wagtlaýyn saklaýyş merkeziniň işgärleri aklawçylara migrantlaryň 2025-nji ýylyň 27-nji iýulynda deportasiýa merkezinden goýberilendigini aýdypdylar. Emma olaryň haýsy wagtda goýberilendigi we soň haýsy tarapa gidendigi barada wideoýazgylary görkezmek haýyş edilende, işgärler ilki ýolbaşçynyň ýokdugyny bahana etdiler, soň bolsa aklawçylara maglumat bermekden düýbünden ýüz öwürdiler.

Şondan bäri, degişli wezipeli şahslar dürli usullar bilen bu maglumatlary gizlemäge synanyşýarlar. Şeýle hem jogapkärçiligi Sinop şäheriniň prokuraturasyna geçirmek synanyşygy boldy — migrantlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde görkezilen bu şäheriň degişli edaralarynyň jogabyna görä, olar ol ýere dolanyp barmandyrlar.

Alişer Sahatowyň aýaly Gullala ýagdaýy şeýle teswir etdi: „Aklawçylaryň, parlament deputatynyň we adam hukuklaryny goraýjylaryň tutanýerli we professional hereketleriniň netijesinde şol gije näme bolandygyny anyklamak mümkin bolar diýip umyt edýärin. Käbir adamlaryň gözlegleri bes etmegimi maslahat berýändigine garamazdan, biz durmarys“.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasanyň agzasy Annadurdy Khadzhiev şeýle aýtdy: „Alişer bilen Abdullanyň (wekilleriniň üsti bilen) bu iş boýunça doly maglumat almak hukugy bar. Şonuň üçin hem, öz wagtynda Türkmen Helsinki Gaznasy ýüz tutan halkara guramalary hem bu işi gözegçilikde saklaýarlar. Biziň tarapyndan öz wagtynda berlen maglumatlara we faktlara esaslanyp, iki türkmen raýatynyň ýitirim bolmagy boýunça düýpli derňew geçirilmegi, olaryň nirede ýerleşýändiginiň anyklanylmagy we derňewiň gijikdirilmegine günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegi talap edilýär“.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.