Edirne şäheriniň prokuraturasy Edirne welaýatynyň Migrasiýa müdirligine wagtlaýyn saklanyş merkeziniň (deportasiýa merkeziniň) wideo gözegçilik ýazgylaryny bermek baradaky ýüzlenmesine jogap aldy.
Resminamada şeýle diýilýär: “Görkezilen hatyň esasynda, daşary ýurt raýatlarynyň administratiw saklanyş möhletiniň tamamlanan senesi bolan 24.07.2025 senesine degişli deportasiýa merkeziniň kamera ýazgylary soraldy. Şeýle-de bolsa, merkezde kamera ýazgylarynyň 6 aý saklanýandygy sebäpli, degişli ýazgylara elýeterlilik üpjün edilip bilinmedi.”
A.Sahatow bilen A.Orusowyň bikanun saklanaly bäri bir ýyla golaý wagt geçdi, olaryň ýitirim bolanyna bolsa takmynan 9 aý boldy . Bu döwrüň dowamynda olaryň aklawçysy yzygiderli ýagdaýda wideo gözegçilik ýazgylarynyň berilmegini talap etdi. Emma Edirne deportasiýa merkezi hatda prokuraturanyň talaby boýunça hem dürli bahana bilen bu maglumatlary bermekden ýüz öwürdi.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasanyň agzasy Annadurdy Khadzhiev Edirne welaýat Migrasiýa müdirliginiň beren jogabyna teswir berip şeýle diýdi:“Türkmen blogerleriniň ikisiniň ýitirim bolanyndan bäri bu edaranyň ýolbaşçylarynyň hereketleri uly şübhe döredýär. Ilki bilen, edaradan çykmazdan öň Alişer ýolbaşçylaryň özüne şahsy aýdyp beren duýduryşyny ýakynlaryna ýetirdi: güýä abatlaýyş işleri sebäpli telefon we internet arkaly aragatnaşyk bolmaz. (Üstesine-de, iki ýigidiň hem telefonlarynyň hasaplary öňünden doldurylypdy we Alişeriň aýaly Güllala onuň merkezden çykan badyna derrew özüne jaň etjekdigine ynanýar).
Ikinjiden, näme üçindir blogerler ýitirim bolan gününiň ertesi güni edaranyň ýolbaşçysy dynç alyşa çykdy, şonuň sebäpli aklawçylara “gyzgyn yzlar” boýunça wideoýazgylar berilmedi, emma kanun boýunça muny orunbasary hem edip bilýärdi.
Üçünjiden, resmiler aklawçylary yzygiderli Sinop şäherine ugrukdyrdylar, emma ýaş ýigitler ol ýerde hiç haçan peýda bolmady.
Bularyň hemmesi çynlakaý pikirlenmäge esas berýär we jenaýaty gizlemek maksady bilen bilkastlaýyn adamlary ýalňyşdyrmak barada netijelere getirýär”.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.